Dünýäde iň köp satylýan awtoulaglaryň onlugy yglan edildi

Dünýäde iň köp satylýan awtoulaglaryň onlugy yglan edildi

Focus2Move awtoportaly dünýäde satuwlar boýunça öňdeligi eýeleýän awtoulaglaryň onlugyny çap etdi. Birinji orunda Toyota ýerleşdi: 2024-nji ýylyň maý aýy boýunça bu kompaniýanyň ulaglarynyň 3,6 milliony ýerlendi diýip, rg.ru ýazýar.

Ikinji orunda Volkswagen kompaniýasy 1,9 mln satuw görkezijisi bilen ýerleşdi, ol dünýä bazarynyň 5,8 göterimini eýeleýär. Ilkinji üçlüge şeýle hem 1,6 birlik bilen Honda girdi.

Ondan soňra Ford we Hyundai (degişlilikde 1,5 mln satylan ulag bilen), Nissan (1,3 mln), Chevrolet (1,3 mln) we Kia (1,2 mln) ýerleşdi. Dokuzynjy orunda 1,1 mln birlik görkeziji bilen BYD hytaý brendi ýerleşdi. 2019-njy ýylda bu kompaniýa sanawda 49-njy orny eýeleýärdi.

Onlugyň iň ahyrynda BMW nemes awtoulag konserni ýerleşdi, ol 944 müň ulag satdy.

Ýene degişli makalalar

Elektroulagda Aziýa öňde
Pariž awtoulag sergisi başlady
90-njy awtoulag sergisi
Dünýäniň iň gymmat awtoulag kompaniýalarynyň sanawy neşir edildi
Bazarlaryň üýtgemegi Germaniýanyň awtoulag öndürijilerini gysýar
Haýnan Hytaýda benzinli işleýän awtoulaglardan ýüz öwren ilkinji sebit bolar