“Forbes” neşiri dünýäde iň köp girdeji gazanýan zenan türgenleriň sanawyny düzdi. Bu sanawda birinji orny bassyr ikinji ýyl ýaponiýaly tennisçi Naomi Osaka eýeledi. Türgen 57 mln dollardan gowrak girdeji gazandy, olardan 55 mln dollary hemaýatkärlik şertnamalary boýunça, 2,3 mln dollary baýrak görnüşinde aldy. Bu barada lenta.ru habar berdi.
Liderleriň üçlügine amerikaly tennisçi uýalar Uilýamslar girdi. Sanawda ikinji orny bir ýylyň dowamynda baýrak görnüşinde 900 müň dollar, mahabat şertnamalarynda 45 mln dollar gazanan Serena Uilýams eýeledi. Üçünji orna onuň uly dogany Winus Uilýams mynasyp boldy. Onuň girdejisi 11,3 mln dollar bolup, şolardan 300 müň dollar baýrak görnüşinde alyndy.
Dünýäde iň köp girdeji gazanýan zenan türgenleriň onlugyna amerikaly gimnastikaçy Simona Baýlz, ispaniýaly tennisçi Garbinýe Mugurusa, günorta koreýaly golfçy Jin Ýang Ko, hindistanly badmintonçy Pusarla Wenkata Sindhu, awstraliýaly tennisçi Eşli Barti, amerikaly golfçy Nelli Korda we amerikaly basketbolçy Kendis Parker hem girdi.