Çiliniň demirgazygyndaky dünýäde iň gurak hasaplanýan Atakama çöli Günorta ýarymşarynyň gyşynyň (iýundan awgusta çenli dowam edýär) ortasynda ilkinji gezek gülläp başlady. Bu 2015-nji ýyldan bäri ilkinji gezek hasaba alnan ýagdaý diýip, çilili alymlara salgylanýan Live Science ylmy portaly habar berdi.
Alymlaryň sözlerine görä, Atakamadaky ösümlikleriň seýrek güllemesine apreliň ortalarynda ýagan ýagyşlar, şeýle-de irki çygly dumanlar sebäp boldy diýip, Gazeta.ru ýazýar.
Iňlär siňeksiz gurap ýatan sähralykda ilki bolup, Cistanthe grandiflora atly gülgüne güller we Nolana baccata çili jaňjagazynyň ak gülleri peýda boldy. Gülzarlyk 300-400 inedördül kilometri eýeledi.
Ekologlar Atakamanyň doly güllemeginiň adatça sentýabr we oktýabr aýlarynda bolýandygyny hem-de onuň 15 müň inedördül kilometri tutýandygyny bellediler.
Atakama çölüniň seýrek güllemesiniň özüne ýetesi kynçylyklary hem bar. Çiliniň Papa katoliki uniwersitetiniň ekologiýa dosenti Mariýa Fernand Peresiň sözlerine görä, olaryň iň ulusy tozanladyjylaryň ösümlikler ýagyşdan soňra gülläp başlan dessine gelmeýändigidir. Atakamanyň otlarynyň öz-özüni tozanlandyrmak ukyby bolup, emma ol örän haýal geçýär, netijede, indiki gülleýiş döwrüne çenli ösümlikleriň tohumlarynyň sany hem azalýar diýlip, habarda bellenýär.