ABŞ-nyň Wirjiniýa ştatynda dünýäde ilkinji “dik” ýyladyşhana açyldy.Bu ýyladyşhanada ýylda 1,8 million kilogramdan gowrak ýertudanany hasylyny alyp bolar.Bu barada “Fox News” habar berýär.
Gürrüňi edilýän “Plenty Richmond” ýyladyşhanasy beýik bolanlygy sebäpli az ýerden köp mukdarda hasyl almaga mümkinçilik berýär.Dik ekerançylyk tehnologiýasy arkaly bu ýerde ýertudana meýdany 3,7 inedördül metrden kiçi bolan çäkde, beýikligi 9 metr bolan diňlerde ösdürilip ýetişdirilýär.
Emeli aňyň kömegi bilen dolandyrylýan ýyladyşhananyň iň esasy aýratynlyklarynyň biri hem onuň daşky gurşawa zeper ýetirmeýänligidir.Sebäbi ol adatdakysyndan 97% az ýer tutýar we 90%-e çenli az mukdarda suw sarp edýär.
Bu bolsa howa şertlerine garamazdan ekini ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýär we ýylboýy ýokary derejeli hasyl alyp bolýar.
Mährem BABAMYRADOWA, TMÝG-nyň Hojambaz etrap Geňeşiniň Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.