Dünýäde her ýyl howanyň hapalanmagyndan 7 million adam heläk bolýar

Dünýäde her ýyl howanyň hapalanmagyndan 7 million adam heläk bolýar

Her ýyl howanyň hapalanmagy sebäpli döreýän dürli kesellerden dünýäde 7 million adam pida bolýar diýip, Habar 24 ýazýar.

BMG-niň maglumatlaryna görä, bu san barha artýar. Ýagdaýa howanyň üýtgemegi we senagat işi täsir edýär.

Howanyň düzümindäki zyýanly bölejikler 4 milliarddan gowrak adama täsir edýär.

Dünýäde iň hapa şäherleriň sanawynyň başyny Bangladeşiň paýtagty Dakka eýeleýär. Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, Bangladeşde her ýyl 88 müň adam pida bolýar.

Ýewropada ilatyň 98 göterimi kadadan ýokary bolan hapa howadan dem alýar. Bu yklymda howanyň düzümindäki zyýanly bölejiklerdir tozan kadadan 5 esse köpdür. Esasan hem, Afiny, Pariž, Barselona şäherlerinde ýagdaý ýaramazdyr.

Tailandyň paýtagty Bankgok sanawda 11-nji orunda ýerleşýär, her ýyl tokaý ýangynlarynyň tüssesi sebäpli bu şäherde howanyň hapalyk derejesi Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň bellän howpsuz çäginden 10 esse artykdyr. Ýurtda ýaramaz howadan pida bolýanlaryň sany semizlik, çilimkeşlik, hatda ýokanç keseller sebäpli pida bolýanlardan hem köpdür.

Ýene degişli makalalar

Günorta Aziýada yssy howa dowam edýär
49 Ýurda Bal Eksport Edildi
Bangladeşde sil joşgunlary 1,1 million tonna tüwi ýitgi getirdi
Dünýäniň iň köp ilatly şäherleri
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Serdar Berdimuhamedow Bangladeşiň ýolbaşçylaryny ýurduň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Hormatly Prezidentimiz Bangladeş Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady