Dünýäde elektron zibil artýar

Dünýäde elektron zibil artýar

Her ýyl dünýäde 50 million tonna ulanmak üçin ýaramsyz elektronika önümleri peýda bolýar diýip, 24KZ ýazýar. Olaryň diňe 20 göterimi gaýtadan işlenýär. Galanlary zibilhanalara taşlanýar. 2050-nji ýylda bu görkeziji 120 million tonna deň bolar diýip, BMG-niň hünärmenleri hasaplaýarlar.

Elektron zibilde esasy paý Hytaýa degişli, geçen ýyl bu ýurduň zibilhanalarynda 10 milliona golaý enjam peýda boldy.

Enjamlaryň ýalňyş ýok edilmegi howanyň üýtgemegini güýçlendirýär diýip, bilermenler aýdýarlar. Her ýyl zibilhana taşlanýan kompýuterleriň, telewizorlaryň, noutbuklaryň, ykjam telefonlaryň umumy 50 million tonnasy ilatyň jan başyna olaryň takmynan 7 kilogramy düşýär diýildigidir.

Elektron zibiliň düzümindäki agyr metallar, himikatlar we plastik daşky gurşawa we adamlaryň saglygyna zyýan edýär.

Tehnikanyň iň köp zibile taşlanýan ýeri Aziýa, ondan soňra Ýewropa we Demirgazyk Amerika durýar diýlip, habarda bellenýär.

Ýene degişli makalalar

Oba hakykaty: Adamlar çykalgany lapykeçliklerini aýtmakda görýärler
Aşa yssy howa: Mallar köpçülikleýin gyrylýar, oba-hojalyk tehnikasy sandan çykýar
Türkmenistanyň dört welaýatynda gowaça ekişine girişildi
Maryly býujet işgärlerinden döwletiň ýeralma borçnamasy üçin pul tabşyrmak talap edilýär
Lebapda prokuratura bergidar çykan pagtaçy kärendeçilere garşy çäre görýär
Gowaçalaryň idegi tehnika we dökün ýetmezçiligi sebäpli bökdelýär