Dünýäde dakylýan gurluşlaryň satuwy II çärýekde 6,9% pese gaçdy

Dünýäde dakylýan gurluşlaryň satuwy II çärýekde 6,9% pese gaçdy

Ikinji çärýekde dakylýan elektron gurluşlaryň global üpjünçiligi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6,9% peselip, 107,4 mln birlik boldy. Bu barada International Data Corporation (IDC) gözleg kompaniýasynyň hasabatynda habar berilýär diýip, interfax.ru belleýär.

Global bazaryň lider bäşligi üýtgewsiz galdy: oňa Apple, Samsung, Xiaomi, Huawei we Imagine Marketing girýär, bu bäş kompaniýanyň dördüsi bolsa ikinji çärýekde satuwyň ýyllyk aňlatmasynda pese gaçyşyny hasaba aldylar.

IDC-niň täze çaklamasyna görä, 2022-nji ýylyň jemi boýunça dünýäde dakylýan gurluşlaryň satuwy üýtgemez we 535,5 mln birlik bolar. Şol bir wagtyň özünde, analitikler 2023-nji ýylda bazaryň ösüşiniň gaýtadan dikelmegine garaşýarlar.

Ýene degişli makalalar

Ýanyňda göterilýän enjamlaryň satuwy 2,6 göterim artdy
Kompýuter satuwy artdy
Türk Goranyş Firmalary IDEAS-2024-e Gatnaşýar
Analitikler 2022-nji ýylda dünýäde eplenýän smartfonlaryň satuwynyň 67% ýokarlanmagyna garaşýarlar
Ýandeks saýtynyň adyny üýtgeder
Türkmenistan plastik kartlaryň önümçiligini ýola goýar