Resmi maglumatlaryň esasynda geçirilen hasaplamalara görä, 3-nji fewralda koronawirusa garşy sanjym edilenleriň sany ilkinji gezek kesellänleriň sanyndan geçdi. Bu barada aif.ru habar berýär.
Sanjymy azyndan 105,1 million adam aldy, pandemiýa başlany bäri kesellänleriň sany bolsa, takmynan, 103,9 milliona barabar.Hopkins uniwersitetiniň 3-nji fewralda irdenki maglumatlaryna görä, dünýäde kesel ýagdaýynyň takyk sany 103 877 370, ýogalanlaryň sany 2 253 170.
Sanjym edilen ilatyň iň ýokary göterimi Ysraýylda (56,86%), ikinji orunda BAE (38,83%), üçünji orunda Seýşel adalary (36,25%) ýerleşýär.On göterim çäkden Beýik Britaniýa (15,3%), Bahreýn (11,02%) we ABŞ (10,3%) geçdi.
Sanjym edilenleriň sany boýunça ABŞ öňdebaryjydyr (33,7 mln).Onuň yzyndan Beýik Britaniýa gelýär, ol ýerde deňziň aňyrsyndaky meýdanlary, Normand adalaryny we Men adasyny hasaba alanyňda, 10,2 million adama sanjym edildi.
Ysraýyl 5,05 million sanjym alanlar bilen üçünji orny eýeleýär.Russiýada koronawirusa garşy azyndan 1 million adama sanjym edildi.