Dünýäde bosgun çagalaryň sany artýar diýip, Habar 24 ýazýar. Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň mejbury göçegçiligine köplenç halatda sil joşmalary, süýşgünler we tokaý ýangynlary, ýagny howanyň üýtgemegi sebäp bolýar.
ÝUNISEF guramasynyň çaklamalaryna görä, öňdäki 30 ýylda bu san iki esse artar.
Adatdan daşary howa ýagdaýlary barha gitdigiçe bütin dünýäde çagalaryň jany we abadançylygy üçin howp salýar. Guramanyň maglumatlaryna laýyklykda, 2016-2021-nji ýyllaryň dowamynda her gün 20 müňe golaý kämillik ýaşyna ýetmedikler öz ýaşaýan ýerlerini terk etmäge mejbur bolupdyrlar. 134 million sany bosgunyň 40 milliondan gowragy çagalardyr. Guramada olaryň hakyky sanynyň köp bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar.
ÝUNISEF-iň migrasiýa boýunça hünärmeni Laura Hili şeýle gürrüň berýär: - Bosgunlyk çagalar üçin çynlakaý howp salýar. Olar, köplenç, özleriniň ýumrulan öýlerini we gurban bolan ýakyn adamlaryny görüp, güýçli psihologik stresi başdan geçirýärler. Mysal üçin, geçen ýyl güýçli sil joşmalary 19 million çaganyň bosgunlygyna getirdi.