Dünýäde azyk önümleriniň bahalary rekord derejesine galýar

Dünýäde azyk önümleriniň bahalary rekord derejesine galýar

Azyk önümleriniň dünýä bahalary yzygiderli üç aýlap ýokarlanyp, oktýabrda 2011-nji ýylyň iýul aýyndan bäri iň ýokary derejesine çykdy. Muňa esasan galla önümleri we ösümlik ýaglarynyň bahalarynyň ýokarlanmagy sebäp boldy. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) penşenbe güni habar berdi.

Esasy satyn alynýan azyk önümleriniň dünýä bahalarynyň aýlyk üýtgeşmelerini hasaba alýan FAO-nyň azyk önüm baha indeksi geçen aýda ortaça 133,2 bala ýetdi. Indeks sentýabr aýyndan 3% ýokarlanyp, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,3% galdy.

Oktýabr aýynda FAO-nyň galla önümleriniň bahasynyň indeksi geçen aý bilen deňeşdirilende 3,2% ösdi. Dünýäde bugdaýyň bahasy 5% töweregi ýokarlanyp, 2012-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri iň ýokary derejesine ýetdi.

“Iri eksportçylarda, esasanam Kanada, Russiýa Federasiýasynda we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda hasylyň azalmagy sebäpli dünýä bazarlarynda ýetmezçilik bahalaryň galmagyna täsirini dowam etdirdi” diýip, FAO habar berdi.

FAO-nyň belleýşi ýaly, Malaýziýada zähmet ýetmezçiliginiň önümçilige päsgel bermegi bilen palma ýagynyň bahasynyň ýokarlanmagy dünýädäki ösümlik ýaglarynyň bahasynyň 9,6% artmagyna esasy sebäp boldy.

Munuň tersine, alty aý yzygiderli ýokarlanan şekeriň bahasy oktýabr aýynda 1,8% pese gaçdy.

FAO 2021-nji ýyl boýunça galla önümleriniň önümçiligi boýunça çaklamasyny 2 milliard 793 million tonna düşürdi. Geçen aý, bu gurama şu ýylky galla hasylyň 2 milliard 800 million tonna boljakdygyny çaklapdy.

Bu esasan Eýran, Türkiýe we ABŞ üçin bugdaý önümçiliginiň çaklamalarynyň azalmagy bilen baglanyşyklydyr.

Ýene degişli makalalar

FAO azyk önümleriniň bahasy birneme ýokarlandy
Aşgabatda balyk ösdürip ýetişdirmegiň derwaýys meseleleri boýunça FAO-nyň okuw maslahaty geçirildi
Azygyň bahasy 2,5 ýylyň iň pes derejesine ýetdi
FAO: Dünýäde azyk önümleriniň bahalary peselmegini dowam edýär
FAO: Global oba hojalygynyň gizlin çykdajylary azyndan 10 trillion dollar
2024-nji ýyl Düýeler maşgalasyna degişli jandarlaryň ýyly diýlip yglan edildi
Türkmenistanda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) wekilhanasy açylar