
2004-nji ýyldan bäri ýer ýüzünde bolup geçen on sany iň howply tebigy hadysa netijesinde 570 müň adam heläk boldy. World Weather Attribution (WWA) edarasynyň täze ylmy-barlaglaryna laýyklykda, pidalaryň sany howanyň üýtgemegi bolmadyk halatynda, has az bolup bilerdi. Bu barada tagesschau.de portalyna salgylanýan pogoda.mail.ru ýazýar.
Alymlar Hindi-Ýuwaş umman sebitindäki üç harasaty, Ýewropadaky üç yssy tolkuny, Afrikadaky iki güýçli çabgany we guraklygy seljerdiler. Şunda on sany wakanyň dördüsinde iň kän adam pidalary Ýewropada hasaba alyndy.
Alymlar şeýle-de iş ýüzünde ejir çekenleriň has köp bolmagynyň mümkindigini nygtaýarlar, sebäbi ylmy-barlaglarda diňe resmi habar berlen pidalar hasaba alyndy. Şol sanda Ýewropada barha ýygjamlaşýan ýyly tolkunlaryň howplulygyna ýeterlik baha berilmeýär.
Mysal üçin, Ýewropada 2022-nji ýylda yssy howa netijesinde 53 müň adam, 2023-nji ýylda 37 müňden gowrak adam pida boldy.Eger howanyň üýtgemegi bolmadyk bolsa, ol adamlaryň ýarysy halas bolup bilerdi.