Soňky birnäçe aýyň içinde Internetde haýsy smartfonyň ilkinji bolup 200 megapiksel kamera eýe boljakdygy barada dürli myş-myşlar ýaýrady. Bu enjamyň ýakyn wagtda çykarylmagy mümkin diýip, GSMArena ýazýar. Muny pcnews.ru habar berýär.
Internet-insaýderleriň berýän maglumatyna esaslansaň, eýýäm 2021-nji ýylyň dekabrynda Motorola-nyň täze önümi - Moto Edge X satuwa çykarylar. Bu smartfonyň 200 megapiksellik Samsung ISOCELL HP1 datçigi bilen enjamlaşdyrylan ilkinji smartfon bolmagyna garaşylýar.
Mundan öň 2022-nji ýylyň başynda anons ediljek Xiaomi 12 Ultra-nyň şeýle smartfon boljakdygy aýdylýardy. Şeýlelik bilen, myş-myşlaryň dogrudygy subut edilse, Motorola Xiaomi-den öňe geçer we 2021-nji ýylyň ahyryna çenli 200 megapikselli smartfonyny çykarar.
Öňki maglumatlarda Moto Edge X-nyň esas hökmünde Snapdragon 8 Gen 1 çipini aljakdygyny aýdylypdy. Ol meşhur AnTuTu synagynda enjamyň 1 milliondan ýokary bal almagyna mümkinçilik döredip biler.