Dünýädäki meňzeş binalar

Dünýäniň meşhur şäherlerinde birnäçe ýyldan bäri ähmiýetini ýitirmän gelýän, şol şäheriň ýa-da ýurduň nyşanyna öwrülen binalar bar Pariždäki Eýfel diňi, Nýu-Ýorkdaky Azatlyk heýkeli, Italiýanyň Pisa şäherindäki Pisa diňi… Şeýle meşhur binalaryň birnäçesiniň başga ýerde gurlan meňzeşlerine hem gabat gelmek bolýar.

Hatda käbir binalaryň birnäçe meňzeş nusgasy hem bar.Olaryň käbiri barada gysgaça maglumatlary size ýetirýäris:

Dünýäniň dürli ýerlerinde Pariždäki Eýfel binasyna meňzedilip gurlan 30-dan gowrak bina bar.

Eýfel diňi

Fransiýanyň paýtagtynyň nyşany hasaplanýan Eýfel diňi 1889-njy ýylda bu şäherde geçiriljek Bütindünýä sergi mynasybetli gurulýar.Beýikligi 300 metrden geçýän polat gurluşlardan düzülen bina esasy üç bölekden ybaratdyr.

Dünýäniň iň köp syýahatçy kabul edýän binalarynyň arasynda hemişe öňdeligi saklaýan Eýfel diňiniň ýokarsyndan şäheriň owadan künjeklerini synlap bolýar.Onuň depesine liftli ýa-da basgançakdan çykmaly.Ilkibaşda wagtlaýyn gurlandygyna garamazdan, uly gyzyklanma döreden bu binany hemişelik saklap galýarlar.2007-nji ýylda Hytaýyň Hançžou şäherinde beýikligi Eýfel diňiniň üçden birine barabar bolan Tianducheng atly bina gurulýar.

Bu ýerde diňe Eýfel diňiniň däl, eýsem, Pariždäki jaýlaryň, çüwdürimleriň we seýilgähleriň hem meňzeşleri bar.Binanyň töwereginde 10 müň ilatyň ýaşamagyna niýetlenen jaýlar hem bina edilýär.Soňky ýyllarda onuň töweregindäki şäheriň çägi giňeldilýär.

Bu şäherde günbatar äheňindäki nika dabaralary hem geçirilýär.ABŞ-nyň Las Wegas şäherinde hem beýikligi Pariždäkiniň ýarysyna 165 metre barabar bolan şeýle diň bar.ABŞ-nyň iň köp syýahatçy barýan şäherinde 1995-nji ýylda Eýfel diňi we Pariždäki beýleki binalar hem gurulýar.

Ilkibaşdaky taslamada diň Pariždäki bilen deň bolmaly eken.Emma golaýyndaky howa menzili sebäpli onuň beýikligi çäklendirilipdir.Paris Las Vegas myhmanhanasynyň çäginde ýerleşýän ýerde Triumfal arkasy, Raýdaşlyk meýdançasy, Luwr muzeýi, Orse muzeýi ýaly fransuz paýtagtynyň meşhur ýerlerine meňzeş binalar bar.

Meksikanyň Durango ştatynda hem Torre Eiffel diňi bar. Ýeri gelende bellesek, Ýer ýüzünde Eýfel diňiniň otuzdan gowrak nusgasy bar.

Tokio şäherinde, Odaýbe adasynda 1999-njy ýylda gurlan Azatlyk heýkeliniň ululygy bary-ýogy 12 metrdigine garamazdan, ony has uly görner ýaly edip surata alyp bolýar.

Azatlyk heýkeli

ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň nyşany hasaplanýan bu heýkel fransuzlar tarapyndan sowgat hökmünde gurulýar.Nýu-Ýork şäherinde kenardan uzak bolmadyk adada ýerleşýän Azatlyk heýkeliniň taslamasynyň daşky bölegini fransuz heýkeltaraşy Frederik Ogýust, içki bölegini fransuz inženeri Gýustaw Eýfel işläp düzýär. 350 bölekden ybarat bolan heýkel 1885-nji ýylda gämi bilen Amerika getirilip, 4 aýda gurnalýar.

Heýkeliň boýy 47 metr bolup, aşagyndaky pýedestaly goşanyňda 93 metre deň.Azatlyk adasynda ýerleşýän bina iň köp syýahatçynyň barýan ýerleriniň biridir.Azatlyk heýkeliniň ýediden birine barabar bolan nusgasy Tokio şäherinde hem bar. 1999-njy ýylda fransuz-ýapon dostlugynyň nyşany hökmünde Odaýbe adasynda wagtlaýyn oturdylan heýkel, halkyň islegi bilen hemişelik galdyrylýar. 12 metrlik heýkel köp wagt geçmänkä meşhurlyk gazanýar.

Gijesine bu heýkeliň ýanyndan älemgoşar köprüsiniň owadan keşbine syn edip bolýar.

Italiýanyň Pisa şäherinde XIV asyrda gurlan binanyň gyşyklygy 1990-njy ýyllarda birneme dikeldilip, 5,5 derejeden 4 derejä ýetirilýär.

Pisa diňi

Rim imperiýasynyň merkezi bolan Italiýa taryhy binalara örän baý bolup, şolaryň biri hem Pisanyň egrelýän diňi hasaplanýar.Adybir şäherde ýerleşýän binanyň gurluşygy 1372-nji ýylda tamamlanýar.

Onuň aşak tarapynyň beýikligi 55,86 metr, beýik tarapynyňky 56,67 metr bolup, gurlandan soňra gyşaryp başlaýar. 1990-njy ýylda onuň gyşyklygy 5,5 derejä ýetýär.Dikeldiş işlerinden soň, onuň gyşyklygy 4 derejä getirilýär. Ýedi gatly binanyň ýokarsyna çenli 296 basgançak bar.ABŞ-nyň Illinoýs ştatyndaky Kuk etrabynda hem şeýle bina bar.

Naýls obasyndaky bu diň Italiýadaky binadan iki esse kiçi bolup, 1934-nji ýylda gurulýar.Robert Ilg atly binagär bu binany açyk asmanyň astyndaky ýüzülýän howzuň ýanynda gurdurýar. 1995-1996-njy ýyllarda Naýls diňi we onuň töweregi düýpli abatlanýar.

Häzirki wagtda bu ýeriň töwereginde çüwdürimler we howuz bar.

Gresiýanyň iň köp syýahatçy çekýän taryhy ýadygärlikleriniň biri bolan Parfenonyň diňe sütünleri we käbir bölekleri saklanyp galypdyr.

Parfenon

Gresiýanyň paýtagty Afinyda ýerleşýän bu ýadygärligiň manysy Gyz otagynyň ümsümligi diýmegi aňladýar.Iki müň ýyldan gowrak wagt ozal gurlan binanyň sütünleri we diwarlary häzirki günlere çenli gelip ýetipdir.

Depäniň üstünde gurlan äpet ymarat şäheriň köp ýerinden howalanyp görünýär. 46 sütünli gönüburçluk şekilli ymarat üç basgançakly terrasanyň (tebigy eňňitli depe) üstünde oturdylypdyr.Onuň sütünleri mermerden ýasalypdyr.Binanyň düýbi dört hatar bolup, olaryň beýikligi dürli-dürli, şeýle-de sütünler jaýyň içine tarap sähelçe gyşaryp dur.

Miladydan ozal 447-438-nji ýyllarda gurlan binada 438-431-nji ýyllarda abatlaýyş işleri geçirilýär.ABŞ-nyň Tennessi ştatynyň Naşwill şäherinde Parfenonyň asyl nusgasyna meňzeş bina bar. Ähli ölçegi hakyky nusgasyna meňzeş bolan bu bina 1897-nji ýylda binagär Wilýam Krawford Smit tarapyndan Halkara sergiler merkeziniň bir bölegi hökmünde gurlup başlanýar.

Ilkibaşda kerpiçden we agaçdan gurlup başlanan ymarata howa şertleri sebäpli zeper ýetýär.Bina 1920-nji ýylda öňki ýerinde beton ulanmak arkaly gaýtadan gurulýar.Ymarat 1931-nji ýylda doly gurlup gutarylýar.Naşwill şäheriniň günbatar etegindäki giň seýilgähiň içinde ýerleşýän Parfenon sungat muzeýi we sergiler merkezi hökmünde ulanylýar.

Bu ýerde hemişelik saklanýan XIX we XX asyrda döredilen kartinalar bar. Şeýle hem giň binanyň galereýasynda wagtlaýyn sergiler guralýar.

Londondaky sagat diňiniň beýikligi 90 metre, Kalkuttadaky binanyň beýikligi 30 metre ýetýär.

“Big ben”

Birleşen Patyşalygyň paýtagtynda ýerleşýän sagat diňi iňlis dilini öwredýän kitaplaryň ençemesiniň sahabyny bezeýär.Angliýanyň iň belli binalarynyň biri bolan “Big ben” (Uly jaň) iňlis parlamentinden sesýetim uzaklykda ýerleşip, dört tarapyndaky sagat uzakdan howalanyp görünýär.

Temza derýasynyň kenaryndaky binanyň beýikligi 90 metre ýetýär.Birleşen patyşalygy emele getirýän dört döwletiň Angliýanyň, Şotlandiýanyň, Irlandiýanyň we Uelsiň milli simwollary beýik binany bezeýän galkanlaryň ýüzünde şekillendirilipdir.Londondaky sagat diňine meňzeş bina Hindistanyň Günbatar Bengal ştatynyň merkezi şäheri Kalkuttada hem bar. Şäheriň halkara aeroportundan şähere gidilýän esasy ýoluň ugrunda ýerleşýän bina ozal bu barada bilmeýän myhmanlary birbada haýran galdyrýar.

Daşky şekili örän meňzeş bolsa-da, Londondakydan tapawutlylykda bu binanyň beýikligi 30 metre barabar.Kalkutta wagt guşaklygy atly diňiň dört tarapynda hem sagat ýerleşdirilipdir.Bina Günbatar Bengalyň premýer-ministri Mamta Banerjiniň teklibi bilen 2015-nji ýylyň oktýabrynda gurlup gutarylýar.

Bina şäheriň maliýe merkezi hökmünde London bilen bäsdeşlik etmegi niýeti bilen gurulýar.Günorta Dum Dum häkimliginiň ýolbaşçylygynda gurlan taslamany durmuşa geçirmek üçin 1,36 million kror (212 müň ABŞ dollary töweregi) pul serişdesi sarp edilýär. 10 gatly binanyň sagatlaryny “Anglo Swiss Company” kompaniýasy hemaýatkärlik hökmünde berilýär.

Sagatlaryň her biriniň diametri 3,6 metre deň.Londondaky sagatlar bolsa 7 metr.

Ýene degişli makalalar

Pisa diňi gaýtadan açyldy
Pistorius: "Ukraina urşy halkara derejä eýe boldy" diýdi
Gattuzo ispan klubunyň tälimçisi boldy
Gattuzo ispan klubunyň tälimçisi boldy
Otursam agaçlar bile
Halaýan ýazyjy-şahyrlaryny mälim etdiler