Dünýädäki iň uzyn awtomobil gaýtadan dikeldildi

Dünýädäki iň uzyn awtomobil gaýtadan dikeldildi

Dünýädäki iň uzyn awtomobil hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen meşhur American Dream limuzini doly derejede dikeldildi.Bu işe heniz 2020-nji ýylda başlanypdy, birnäçe ýyldan soň awtoulag öňki görnüşine gaýdyp geldi: ähli işlere jemi 250 müň dollar sarp edildi.

Mundan başga-da, “Amerikan arzuwy” dikeltme işlerinden soň öňküsinden has uzaldy, ýagny ol 30,5 metre ýetdi.Awtoulagyň uzynlygy öň 18,28 metrdi.

American Dream 1986-njy ýylda kastomaýzer Jeý Orberg tarapyndan gurnaldy. Ol 1976-njy ýylda çykan iki sany Cadillac Eldorado-ny birleşdirip, emele gelen awtoulagy 13 jübüt teker bilen üpjün etdi. Onuň bortunda jakuzi, basseýn, mini-golf üçin meýdança we hatda dikuçar meýdançasyny ýerleşdirdi.

Bu limuzin 2019-njy ýylda amerikaly Maýk Menning satyn alýança, gerekli idegi alman ençeme ýyl Nýu-Jerside ýerleşýän ammarda durdy. Soňra Maýkl ony Floridadan kolleksioner Maýkl Dezere satdy. Ol hem awtoulagyň gaýtadan dikeldilmegini maliýeleşdirdi.

Limuzin dikeldiş ussahanasyna eltmek oňaýly bolar ýaly iki “Kadillaga” bölündi. Onuň bölekleri ussalara ýaramaz ýagdaýda gelip gowuşdy: kuzow poslap zaýalanypdy, öňki bamper bolsa käbir tekerler ýaly ýokdy, aýnalar hem döwlüpdi. Awtoulagyň ortaky bölegini noldan ýasamaly boldy diýip, Menning belleýär.

Ýene degişli makalalar

Hindistanly maşgala köne awtoulagy bilen hoşlaşyk dabarasyny gurady
Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy sargyt esasynda ýolagçy gatnatmak hyzmatyny ýerine ýetirýär
Garagum Ulag kompaniýasy täze Toyota Land Cruiser Prado ulagyny tanyşdyrdy
Agyr ýagyşlar Bendesende oba infrastrukturalaryna zyýan ýetirdi, gök-bakja ekinleri zaýalandy
Awtoulaglardaky gara reňkli detallara we goşmaça enjamlara gözegçilik güýçlendi
Beýik Ýüpek Ýoly kompaniýasy täze Toyota Land Cruiser 250 kysymly ulagyň tanyşdyryşyny geçirdi