Dünýädäki iň uly Legoland seýilgähi 2024-nji ýyla çenli Şençžende gurlar

Dünýädäki iň uly Legoland seýilgähi 2024-nji ýyla çenli Şençžende gurlar

Britaniýanyň Merlin Entertainments güýmenje kompaniýasy 2024-nji ýyla çenli Guandun welaýatynyň günortasyndaky Şençžen şäherinde dünýäniň iň uly Legoland tematik seýilgähini gurmagy meýilleşdirýär. Bu barada Şanhaýyň “Isaý global” habarlar çeşmesi habar berdi diýip, news.rambler.ru belleýär.

Bu taslama üçin umumy maýa goýum, takmynan, 7 mlrd ýuana (1,1 mlrd dollar töweregi) barabar bolar. Hytaýyň çäginde umumy meýdany 580 müň inedördül metr bolan täze tematik seýilgähiň gurluşygy, çeşmäniň habar bermegine görä, bu bazardaky beýleki oýunçylar tarapyndan bäsdeşligiň ýokarlanmagy bilen baglanyşyklydyr.

2019-njy ýylda Merlin Entertainment kompaniýasy Hytaýda 13,6 mlrd ýuan (2,1 mlrd dollar töweregi) möçberinde umumy maýa goýum bilen iki Legoland seýilgähiniň gurluşygyna başlady. Olar Şanhaýda we günorta-günbatar Syçuan welaýatynda ýerleşer. Desgalaryň gurluşygyny 2023-nji ýylda tamamlamak meýilleşdirilýär.

Dünýädäki ilkinji Legoland seýilgähi 1968-nji ýylda Daniýada açylypdy. Şondan soň dünýäde şeýle tematik seýilgähleriň sekiz sanysy guruldy. Dokuzynjy indiki ýyl Günorta Koreýada işläp başlamaly. Lego Hytaýa ilkinji gezek 30 ýyl mundan öň geldi. Kompaniýanyň ofisi 2014-nji ýylda Şanhaýda açyldy, iki ýyl geçensoň ýurtda ilkinji firma dükany peýda boldy.

Ýene degişli makalalar

Hytaýda uçarmansyz Hongqi ulaglarynda ýolagçy gatnawlary açyldy
Gonkongda täze Greater Bay Airlines awiakompaniýasy döredilýär
Hytaýda 500 metrden beýik diňleri gurmak gadagan edildi
Lissabon geljegiň şäheri
Dünýäde milliarderleriň sany rekord derejä ýetdi
Geljekde haýsy şäherlerde uly innowasiýa üstünlikleri bolup biler?