Dünýädäki iň uly iki awtoulag öndürijileri birleşdi

Dünýädäki iň uly iki awtoulag öndürijileri birleşdi

Italýan-amerikan konserni bolan “Fiat Chrysler Automobiles” we Peugeot, Citroen markalaryna eýe bolan iň uly fransuz awtoulag kompaniýasy "PSA Group"-yň bilelikdäki paýdarlary birleşmek şertnamasyna gol çekdiler. Bu barada cursorinfo.co.il habar berdi.

Şeýlelik bilen, “Stellantis” atly täze awtoulag kompaniýasynyň dörändigi we onuň önümçiliginiň möçberi boýunça dünýäde 4-nji boljakdygy bellendi. Bu barada birleşmek baradaky metbugat beýanatynda aýdylýar.

“Stellantis” kompaniýasy ýylda 8,7 million awtoulag öndürer. Birleşmegiň netijesinde kompaniýalaryň hersi bir ýylda 5 milliard ýewro tygşytlap biler.

Täze kompaniýanyň başlyklygyna "PSA Group"-yň müdiri Karlos Tawares saýlandy. Şeýle hem, ol 11 direktordan ybarat bolan geňeşde gutarnykly ses alar.

Metbugat beýanatynda birleşmegiň 16-njy ýanwara çenli tamamlanjakdygy görkezilýär. Täze kompaniýanyň paýnamalary Milandaky, Nýu-Ýorkdaky we Pariždäki biržalarda ýerleşdiriler.

Ýeri gelende bellesek, “Fiat Chrysler” Alfa Romeo, Chrysler, Dodge, Jeep, Lancia, Ram Trucks markalaryna, "PSA Group" bolsa Peugeot, Citroen, DS, Opel we Vauxhall markalaryna eýelik edýär.

Ýene degişli makalalar

Ýewropada ýylyň awtoulagy saýlandy
Ilkinji zawodyny gurar
Alfa Romeo-nyň ilkinji elektromobili 2024-nji ýylda çykar
Toyota 2021-nji ýylda awtoulag satuwy boýunça dünýäde öňdebaryjy boldy
Ýewropada awtoulag satuwy artdy
Ferrari Stellantis-den ozdy
“Toyota” we “Stellantis” hyzmatdaşlygyny giňeldýär