Dünýädäki iň gadymy baýramçylyklar

Milli baýramçylyklar, adatça, dünýä halklarynyň medeniýetinde möhüm orun eýeleýär.Mälim bolşy ýaly, olar haýsydyr bir waka ýa-da belli bir senä bagyşlanyp geçirilýär.Baýramçylyklaryň we festiwallaryň medeni baglanyşygy bar, ýöne her bir baýramçylygyň, ilkinji nobatda, köp adamyň gatnaşmagynda dürli çäreleri öz içine alýandygy mälimdir.

Mundan başga-da, baýramçylyklar ykdysadyýet jähtden hem möhüm bolup, bu söwda kompaniýalarynyň söwdasynyň we girdejisiniň ýokarlanmagyna sebäp bolýar.

Gadymy baýramçylyklaryň käbiri:

Nowruz: dünýäniň köp ýurtlarynda bellenilýän iň gadymy baýramçylyklaryň biridir. Esasan hem türki halklar tarapyndan giňden bellenilýän Nowruz baýramçylygy 21-nji martda bellenilip, ol Täze ýylyň başlangyjy hasaplanýar. Nowruz baýramy Türkmenistan, Täjigistan, Özbegistan, Azerbaýjan, Gyrgyzystan, Türkiýe we Gazagystan ýaly birnäçe ýurtlarda döwlet derejesinde bellenilýär.

Baýramçylyk günlerinde adamlar myhmançylyga gidýärler, dürli tagamlary taýýarlaýarlar.

Aoý-Masuri: Ýaponiýanyň Kioto şäherinde geçirilýän baýramçylyk bolup, gadymy däp-dessurlar berjaý edilýär. Atyň üstünde ok atmak we at çapyşyklary ýaly çäreler geçirilýän bu baýramçylykda Heýan döwrüniň egin-eşikleri geýlip, Kiotodaky imperator köşgünden Kamo ybadathanasyna çenli ýöriş amala aşyrylýar. Aoý-Masuri bu şäheriň iri hem-de ajaýyp baýramçylyklarynyň biridir.

Müsüriň hasyl baýramy: baýramçylyk öz gözbaşyny XIII asyrdan alyp gaýdýar. Baýramçylyk döwründe köp sanly çäreler geçirilýär.

Wegetarian festiwaly: Tailandyň Phuket adasynda geçirilýän baýramçylyk adamlaryň et iýmekden saklanýan aýynyň başlangyjyny alamatlandyrýar.

Diwali: Hindistanda bellenilýän gadymy baýramçylyklaryň biridir. Diwali “Çyralar baýramy” hökmünde bellenilip, ýagşylygyň erbetden üstün çykmagyny alamatlandyrýar we bu ýeňşiň alamaty hökmünde hemme ýerde şemler we çyralar ýakylýar. Diwali baýramçylygy adatça, oktýabr aýynyň ahyrynda noýabr aýynyň başynda bellenilýär. Baýramçylyk döwründe adamlar çyralary ýakýarlar, biri-birine sowgat berýärler.

Sakuranyň güllemegi: Sakuranyň güllemegine tomaşa etmek, Ýaponiýanyň taryhynyň we medeniýetiniň esasy bölegi hasaplanýar. Sakura agajynyň güllemegi bilen baglanyşykly festiwal bahar paslynda bellenilýär. Festiwalyň dowamynda köp sanly çykyşlar, aýdym-saz şüweleňleri we beýleki köpçülikleýin çäreler geçirilýär.

Holi: hindileriň her ýyl belleýän bahar baýramçylygydyr. Festiwal bahar paslynyň başlanan güni geçirilýär. Ýagny, fewral aýynyň ahyrynda we mart aýynyň başlarynda 2-3 gün dowam edýär. Adamlar bu baýramçylyk çärelerine gatnaşyp, biri-biriniň üstüne dürli reňkleri sepýärler ýa-da reňkli suw guýýarlar.

Roždestwo: millionlarça adamlaryň belleýän esasy baýramçylyklarynyň biridir. Baýramçylyk mynasybetli dürli ýurtlarda köp sanly çäreler geçirilýär. Şäherleriň köçelerinde arça agaçlary bezelýär. Adamlaryň sabyrsyzlyk bilen garaşýan bu baýramçylygynda birek-birege sowgatlar berilýär, dogan-garyndaşlaryň we dost-ýarlaryň öýlerine myhmançylyga barylýar.

Bägül AMANOWA,

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-

tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly okuwçylar Tokiodaky okuw maksatnamasyna gatnaşdylar
Türkmenistanyň orta mekdep okuwçylary Tokioda geçirilen Sakura ylmy alyş-çalyş maksatnamasyna gatnaşdylar
Ýaponiýada sakura gülledi
Ir gunçalan daragt
Ýaponiýada sakura gülledi
Ýaponiýanyň Sakuradzima wulkanynda partlama boldy