Dünýädäki has öndürijilikli gymmat bolmadyk Android smartfonlarynyň reýtingi düzüldi

Dünýädäki has öndürijilikli gymmat bolmadyk Android smartfonlarynyň reýtingi düzüldi

AnTuTu bençmarkynyň topary halkara bazary üçin 2021-nji ýylyň noýabr aýyndaky orta segmentiň Android smartfonlarynyň reýtingini düzdi. Ol AnTuTu-nyň Hytaýdaky reýtinginden düýpli tapawutlanýar diýip, www.ixbt.com habar berýär.

AnTuTu-nyň hünärmenleriniň belleýşi ýaly, orta klasdaky smartfonlaryň reýtinginde bir kristally Snapdragon 778G ulgamyna esaslanýan telefonlar agdyklyk etmegini dowam etdirýär.

Birinji orny eýýäm bassyr dördünji aý bäri noýabrda 537 231 bal gazanan Realme GT Master eýeleýär. AnTuTu-da bellenilişi ýaly, Naoto Fukasawanyň “çemodan” stilindäki dizaýny bu smartfony şu ýyl ykjam telefonlaryň bazarynda iň meşhur we özüne çekiji smartfona öwürdi.

Ikinji orny hem dört aý bäri 524 464 bal bilen Xiaomi Mi 11 Lite eýeleýär. Öň halkara reýtinginde görkezilmedik Honor 50 smartfony bolsa 516 915 bal bilen üçünji orna çykdy.

Reýtingde onuň yzyndan Xiaomi Mi 11 Lite 5G NE (505 274), Huawei Nova 9 (499 078), Galaxy A52s 5G (498 705), Galaxy M52 5G (490 762), Huawei Nova 7 (457 964), Oppo Reno6 5G (429 879) we Xiaomi Mi 10T Lite 5G (388 719) gelýär.

Statistika 2021-nji ýylyň 1-nji noýabryndan 30-njy noýabry aralygynda toplandy. AnTuTu reýtinginde has ýokary däl-de, ortaça görkezijiler ulanylýar. Her bir smartfon üçin azyndan 1000 synagyň netijesi göz öňünde tutuldy synag sany az bolan modeller sanawa girizilmeýär.

Ýene degişli makalalar

AnTuTu oktýabr aýynda iň güýçli Android smartfonlarynyň sanawyny neşir etdi
Iň kuwwatly subflagman smartfonlar belli boldy
Aprel aýynyň iň öndürijilikli smartfonlary saýlandy
AnTuTu bençmarky baha-hil gatnaşygy boýunça iň gowy smartfonlary saýlady
2021-nji ýylyň başynda iň kuwwatly smartfon belli edildi
Honor ilkinji maýyşgak smartfony çykardy