Dünýädäki Çaknyşyklarda Asuda Ilatdan Ölenleriň Sany 72 Göterim Artdy

Dünýädäki Çaknyşyklarda Asuda Ilatdan Ölenleriň Sany 72 Göterim Artdy

BMG-niň Baş sekretarynyň Gumanitar işlerden jogapkar orunbasary we Tiz kömek boýunça utgaşdyryjy Joýs Msuýa BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinden geçirilen maslahatda Baş sekretar Antoniu Guterrişiň çaknyşykda asuda ilatyň goralmagy hakyndaky ýyllyk habarnamasy barasynda agzalara maglumat berdi.

Msuýa 2023-nji ýylyň asuda ilatyň çaknyşyklarda goralmagy taýdan agyr ýyllardan biri bolandygyna ünsi çekip, “Hamasyň 7-nji oktýabrdaky hüjümi bilen Ysraýylyň Gazada şol günden bari dowam edýän hüjümleri netijesinde ozal görülip eşidilmedik derejede ölüm, ýumrulma we gam-gussa ýüze çykdy” diýdi.

“Gazanyň halkynyň 75 göterimi mejbury ýagdaýda ýerlerinden jyda düşürildi” dien Msuýa, adam eli bilen emele getirilen gytçylygyň bosagada durandygyny aýtdy.

Joýs Msuýa Gazada onlarça müň adamyň öldürilendigini we “çagalara garşy urşuň” ýüze çykandygyny beýan etdi.

Sudanda-da 2023-nji ýylda elhenç çaknyşygyň bolandygyny ýatladan Msuýa, onlarça müň adamyň öldürilendigini we müňlerçesiniň ýaralandygyny mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Öwülýä Çelebiniň ömür beýany
Ärdogan: BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň gurluşy düýpli özgerdilmeli
BMG-niň Baş sekretary Merkezi Aziýa saparynyň çäklerinde Türkmenistana geler
BMG-niň baş sekretary Guterriş Gyrgyzystana bardy
Astananyň howa menzili ŞHG-yň sammiti bilen bagly güýçlendirilen iş tertibine geçdi
Si Szinpin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşar