Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Majid Tahte Rawançi penşenbe güni "azyk ýetmezçiliginiň tutuş dünýä täsir etýändigini nygtady.
Majid Tahte Rawançi Howpsuzlyk Geňeşiniň azyk howpsuzlygy we dawa meselesindäki mejlisinde "azyk howpsuzlygy, howanyň üýtgemegi, Kowid 19 epidemiýasy we dürli halkara konfliktleriň ýaramaz täsiri köp ýurtlara, şol sanda ABŞ-nyň sanksiýalaryndan ejir çekýän Eýrana-da täsir etdi ,diýdi.
Eýranyň BMG-däki ilçisi, Ukraina söweşi sebäpli bugdaý, mekgejöwen we ýag ekinleri ýaly strategiki azyk önümleriniň ýetmezçiligi we bu önümleriň öndürilmegine we eksportyna ýaramaz täsiri sebäpli dünýäde azyk krizisine ünsi çekdi.
Esasy öndüriji ýurtlar Bu 2 ýurt ýagny Russiýa we Ukraina, bilelikde bugdaýyň 30% -ini we ýag däneleriň 80% -ini bilelikde öndürýär we eksport edýär, elbetde bu iki ýurduň önümleri ,köpüsi Afrika we Günbatar Aziýa üçin niýetlenendir.
Russiýa dünýäde himiki dökünleri iň köp eksport edýän ýurtlaryň biri we Günbataryň Russiýa garşy alyp barýan giň sanksiýalary bu möhüm önümiň dünýäniň oba hojalygyna eksportynyň köp bölegini togtatdy.Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we Oba hojalygy guramasy FAO-niň baş müdiri Çu Dongiýo ,Russiýa bilen Ukraina dünýä däne bazarynda möhüm rol oýnaýarlar we iki ýurduň arasyndaky söweş dünýä azyk önümleriniň bahasynyň ýokarlanmagynda möhüm rol oýnady,elbetde korona ýaýramagynyň peselmeginden soň bu önümlere bolan isleg we önümçilik çykdajylary hem ýokarlandy diýip aýtdy.
Elbetde, ýagyşyň görnüşini üýtgeden howanyň üýtgemegi we dünýäniň dürli künjeklerinde uzak möhletli guraklyk ýaly faktorlar bu krizise sebäp boldy. Şol bir wagtyň özünde koronawirus epidemiýasy köp ýurtlaryň ykdysady ösüşine ýaramaz täsir etdi we netijede oba hojalygy ýaly önümçilik pudagyna-da täsir etdi. Şeýlede, Korona epidemiýasynyň bir mezende gutarmagy dünýäde azyk önümlerine bolan islegi artdyrdy.
BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterreş "ösýän azyk krizisiniň" ýygnagynda "Azyk howpsuzlygyndan ejir çekýänleriň sany 135 milliondan 276 milliona çenli iki ýylda iki esse artdy diýdi.
Bularyň hemmesi dünýäde sebitleýin konfliktleriň ýüze çykmagy we dowam etmegi bilen birlikde, esasanam Eýranyň ýerleşýän Günbatar Aziýa sebitinde azyk howpsuzlygy meselesiniň bu duýgur sebitde möhüm bolmagyna sebäp boldy. Bu meselede Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili: Owganystanda 22 million adam azyk howpsuzlygyndan ejir çekýär we kömege mätäçdir diýip sözlerine goşdy.