Hünärmenler tutuş dünýädäki agaçlaryň ýagdaýynyň ählumumy bahalanmasyny geçirdiler. Ylmy barlaglar on ýyldan gowrak wagt dowam etdi, oňa dünýäniň dürli ýurtlaryndan hünärmenleriň müňüsi gatnaşdy.
Sanawa baglaryň Ýer ýüzünde bar bolan görnüşleriniň 47 müň 282-si girizildi. Olaryň 16 425 sanysyna ýa-da 38 göterimine ýitip ýok bolmak howpunyň abanýandygy belli boldy diýip, Nature žurnalyna salgylanýan MIR 24 ýazýar.
Agaçlar üçin ýaşamaga ýaramsyz ýerleriň adalardygy anyklandy. Alymlaryň sözlerine görä, tokaýlaryň çapylmagy we howanyň üýtgemegi, şeýle hem kesellerdir ýerli tebigaty gysýan keseki görnüşler baglaryň ýagdaýyna ýaramaz täsir edýär.
Günorta Afrikada baglaryň çärýek görnüşiniň ýitip ýok bolmak howpunyň astyndadygy belli boldy, bu 13668 görnüşiň 3356 sanysy diýildigidir.
Alymlar agaçlaryň ýitip ýok bolmagynyň planetanyň ekoulgamyna ählumumy täsir etjekdigini duýdurýarlar.Olar janly-jandarlaryň ýaşaýşy üçin zerurdyr, adamlar azyk, ýangyç we derman önümlerini öndürmekde agaç görnüşlerine bil baglaýarlar.
Baglar şeýle hem kislorod bölüp çykarýarlar hem-de kömürturşy gazyny ýuwudýarlar. Ýitip ýok bolmak howpy abanýan agaçlaryň arasynda mebel ýasamakda ulanylýan gyzyl agaç, dagdan, magnoliýa, ewkalipt we derman önümçiliginde peýdalanýan kaştan, ginkgo bar.
Başga bir ylmy barlaglar her ýyl dünýäde 15 milliard töweregi agaçlaryň çapylýandygyny görkezdi, agaçlaryň sany adamzat siwilizasiýasynyň ösmeginden bäri iki esse azaldy.