Dünýä ýygyndysy ilkinji gezek tennis boýunça Leýweriň Kubogyny utdy

Dünýä ýygyndysy ilkinji gezek tennis boýunça Leýweriň Kubogyny utdy

Amerikaly tennisçi Frensis Tiafo gresiýaly Stefanos Sisipasy utup, "Leýweriň Kubogy" toparlaýyn ýaryşynda dünýä ýygyndysyna ýeňiş getirdi. Ýaryş Londonda geçirildi diýip, TASS habar berýär.

Duşuşyk dünýa ýygyndysynda çykyş edýän Tiafonyň peýdasyna 1:6, 7:6 (13:11), 10:8 hasabynda tamamlandy.Sisipas Ýewropanyň toparynda çykyş etdi.Dünýä ýygyndysy 13-8 umumy hasap bilen ýeňiş gazandy. Ýewropanyň ýygyndysynyň we dünýä ýygyndysynyň çykyş edýän Leýweriň Kubogy bäşinji gezek geçirildi.

Toparyň kapitanlary "Uly tuwulga" ýaryşlarynyň 11 gezek ýeňijisi we dünýäniň öňki birinji raketkasy Býorn Borg we "Uly tuwulga" ýaryşlarynyň ýedi gezek çempiony, dünýäniň eks-birinji raketkasy amerikaly Jon Makinroýdyr.

Dünýä ýygyndysy ýaryşyň ilkinji gezek ýeňijisi boldy. Ýewropanyň ýygyndysy geçen dört ýaryşda-da ýeňiş gazandy, 2020-nji ýylda ýaryş koronawirus pandemiýasy sebäpli geçirilmedi.

Ýene degişli makalalar

Ýeňijileriň birine BMW, ýene birine-de “Porsche” berildi
Jokowiç ATP-niň reýtinginde ýedinji orna düşdi
Federer Leýweriň Kubogynyň oýnunda utulyp, karýerasyny tamamlady
Monte Karlodan soň, Barselonada hem 11-nji gezek
Sport täzelikleri
Ýyldyzlaryň finaly:Jokowiç — Nadal