Işleriniň çendenaşa köpdügine, uly jogapkärçiligiň gerdenindedigine garamazdan, käbir prezidentler ýatyp ukusyny almaga ýeterlik derejede wagt sarp edýärler. Bu barada ygtybarly statistiki maglumatlaryň ýoklugy sebäpli, Al Ain portalynyň redaktorlary dünýäniň iň meşhur syýasatçylarynyň takmynan näçe sagat ýatyp ukusyny alýandygy barada maglumatlary topladylar diýip, Mail.ru web saýty habar berýär.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ilatyň takmynan 30%-i ukusyzlykdan (bir gijede 7 sagatdan az ýatýarlar) ejir çekýär. Elbetde, bu ýagdaý ýurduň prezidentlerinden hem sowlup geçmeýär. ABŞ-nyň 45-nji prezidenti Donald Trampyň terjimehalynda bellenilişine görä, ol günde ortaça dört sagat uklapdyr.
Ýurduň Donald Trampdan öňki döwlet Baştutany Barak Obama bolsa günde bäş-alty sagat ýatmaga wagt tapypdyr. Ol gije 1-2-ler töweregi ýatyp, irden 7-de turar eken.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýetirýän maglumatyna laýyklykda, Silwio Berluskoni, Angela Merkel we Margaret Tetçer ýaly meşhur syýasatçylar gije-gündiziň dowamynda örän az uklapdyrlar. Berluskoni bary-ýogy iki sagat, Tetçer dört sagat uklapdyr, Merkel bolsa işiň hatyrasyna ukudan el çekmeli bolupdyr.
Winston Çerçil hem gijelerine ortaça dört sagat ýatar eken. Şeýle-de bolsa, gündizine az-kem ukusyny alyp, güýç-kuwwatyny dikeltmegi göwnemakul hasaplapdyr.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin saýlawçylar bilen geçiren duşuşygynda her gün başardygyndan maşk etmäge hem-de alty-ýedi sagat uklamaga synanyşýandygyny aýtdy.