Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Prezident Erdogan bilen Tatarystanda bolan duşuşygynda Türkiýä gynanç bildirdi we terrorçylykly hüjümi ýazgarýandyklaryny nygtady.
Ak Tam hem TUSAŞ-a guralan terrorçylykly hüjümi berk ýazgardy we türk halkyna gynanç bildirdi.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken hem sosial mediadan beren habarnamasynda hüjümi ýazgarýandygyny nygtady.
Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýew hem Prezident Erdogana gynanç bildirdi. Aliýew terrorçylykly hüjüm habaryna çuňňur gynanç bildirendiklerini belledi.
DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar hem hüjümi ýazgardy we terrory näletledi. Tatar hüjümde ýogalanlaryň hossarlaryna we türk halkyna gynanç bildirdi.
Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols, terrory berk ýazgarýandyklaryny nygtap, “Hyzmatdaşymyz Türkiýä goldaw berýäris”diýdi.
Fransiýanyň Prezideni Emmanuel Makron, sosial mediadan fransuz we türk dilinde beýannama berdi we “Terror garşy Türkiýä we türk halkyna goldaw berýäris” diýdi.
Britaniýa, Gresiýa, Awstriýa, Demirgazyk Makedoniýa, Bolgariýa, Kosowa, Albaniýa, Bosniýa-Gersegowina, Eýran, Iordaniýa, Palestina, Liwiýa, Gazagystan, Pakistan, Birleşen Arap Emirlikleri, Oman, Ýemen we Pars Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşi bilen Hamas TUSAŞ-a guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy.