6-njy fewralda güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremelerden soň, Türkmenistanyň Türkiyäniň Aşgabat şäherindäki ilçihanasynyň we Türkmen Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň koordinasiýasynda geçirilýän kampaniýanyň çäginde, Türkiyede ýer titremede zyýan çeken adamlara 1 ýük ulagy gyşky egin-eşik we 6 mobil hajathana ugratdy.
Katarda hem ýer titremede ejir çeken Türkiyedäki we Siriýadaky adamlara bagyşlap haýyr-sahawat çäresi geçirildi.
BAE güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan ýer titremeler sebäpli Türkiyä we Siriýa häzirki wagta çenli 106 uçar bilen 3 müň 14 tonna ynsanperwer kömek ugratdy.
Saud Arabystany ýer titremeleriň başdan geçirilen sebitlere ynsanperwer kömek daşaýan 12-nji uçarynyň Türkiyä baryp ýetendigini habar berdi.
Palestinada hem Türkiyedäki we Siriýadaky ýer titremelerde zyýan çeken adamlara niýetläp haýyr-sahawat kampaniýasy başladyldy.
Iordaniýanyň Haşimi ýardam edarasynyň baş sekretary Hüseýin Şibli, ýurdunyň 1 hepdäniň içinde Türkiyede we Siriýada ýer titremeleriň başdan geçirilen sebitlere 12 uçar, 21 ýük ulagy we 10 tiz kömek ulagyny ugradandygyny mälim etdi.
Bahreýniň Şasy Hamed bin Isa Al Halifeniň görkezmesine laýyklykda, Şanyň Ynsanperwer kömek işleri we Ýaşlar guramasynyň wekili Nasyr bin Hamed Al Halifeniň hemaýatkärlik etmeginde, güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan ýer titremeler sebäpli "Raýdaşlyk güni" temasy bilen ýardam kampaniýasy geçirildi. Ýerli wagt bilen sagat 18:00-da başladylan we 3 sagat dowam eden kampaniýada 3,7 million dollar pul ýygnalandygy aýan edildi.
Türkiyedäki ýemenliler tarapyndan geçirilen kampaniýanyň çäginde taýarlanan ynsanperwer kömek daşaýan 10 ýük ulagy, Stambul şäherinden ýer titremäniň başdan geçirilen sebite tarap ýola çykdy.
Bosniýa-Gersegowina Federasiýasynyň Gyzyl ýarymaý jemgyýeti, güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan ýer titremelerde zyýan çeken Türkiyedäki we Siriýadaky adamlar üçin düzüminde ynsanperwer kömek bolan 4 ýük ulag ugratdy.
Italiýanyň Milan, Rim, Wenesiýa we Brindizi şäherlerindäki merkezlerde ýygnalan ýardamyň mukdary 100 tonnadan geçdi. Ýardamlar Türk howa ýollaryna degişli uçarlar, gämiler we ýük ulaglarynyň kömegi bilen ýer titremäniň başdan geçirilen sebitlere ýetirilmek maksady bilen Türkiyä ugradyldy.
Malta hem häzirki wagtda takmynan 32 tonnalyk ynsanperwer kömegiň ertir Mersin portyna tarap gitjek gämi bilen ýola çykjakdygy, mundan başgada 60 tonnalyk ynsanperwer kömegiň nobatdaky gämi sapary bilen ugradylmak üçin portda garaşdyrylýandygy beýan edildi. Maltada ýygnalan kömekleriň bir bölegi THÝ-nyň gündelik uçar saparlary bilen Türkiyä ugradylmaga dowam edilýändigi aýan edildi.
Watikan hem ýer titremäniň başdan geçirilen sebitlerdäki adamlara ýetirilmek maksady bilen Türkiyäniň Watikandaky ilçihanasyna 5 tonna azyk we arassaçylyk serişdelerini gowşurandygy habar berildi.
Şweýsariýanyň günbatarynda ýaşaýan türk jemgyýetiň Türkiydäki ýer titremede zyýan çeken adamlar üçin ýygnan 27,5 tonnalyk ynsanperwer kömek Türkiyä ugradyldy.