ÝB Geňeşiniň Başlygy Çarles Mişel sosial mediadan beren habarnamasynda Stambuldan elhenç habarlaryň gelip gowuşandygyny beýan etdi.
İstiklal şaýolundaky partlamada pida bolanlar zerarly duýgudaşlyk bildiren Mişel, gynandyrycy wakakada türk halkynyň ýanynda durýandyklaryny beýan etdi.
NATO-nuň Baş sekertary Ýens Stoltenberg hem Stambuldan pacygaly habarlaryň gelip gowulandygyny beýan edip, türk halkyna we partlamada ecir çekenlere duýgudaşlyk bildirdi.
Stoltenberg; “NATO, ýaranymyz Türkiýe bilen arkalaşýar” diýdi.
ÝB Komissiýasynyň giňelmekden cogapkär agzasy Oliwer Warhelýi hem İstiklal şaýolundaky partlamadan soň agyr günlerinde türk halkynyň ýanynda durýandyklaryny nygtady.
ABŞ-da Ak Tamyň Metbugat sekretary Karin Žan-Piýer ýazmaça beýanatynda Stambuldaky pacygaly aksiýany ýazgaryp, ABŞ-nyň terrorizme garşy göreşde NATO-daky ýarany Türkiýäni goldaýandygyny mälim etdi.
Azerbaýcan, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasy, Russiýa, Ukraina, Iordaniýa, Saud Arabystany, Müsür, Gollandiýa, Britaniýa, Germaniýa, Italiýa, Awstriýa, Çehiýa, Polşa, Wengriýa, Rumyniýa, Şwesiýa, Şweýsariýa, Litwa, Latwiýa, Belarus, Fransiýa, Gresiýa, Ysraýyl, Alžir, Kuweýt, Katar, Palestrina, Liwiýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Liwan, Yrak, Bosniýa-Gersegowina, Serbiýa, Garadag, Horwatiýa, Sloweniýa, Albaniýa, Demirgazyk Makedoniýa, Kosowa, Gruziýa, Hindistan, Pakistan, Afrika ýurtlary, Eýran, Argentina bilen bilelikde dünýäniň çar tarapyndan ençeme ýurt hücüm zerarly duýgudaşlyk ýüzlenmeleri çap etdiler.