Awstraliýa Russiýanyň Howpsuzlyk geňeşiniň 8 agzasyna we käbir edaralaryna sanksiýa goýmak hakynda karar kabul etdi.
Awstraliýanyň Premýer-ministri Skott Morrison Ukrainanyň günogaryndaky rus tarapdary separatistleriň dolanşyklaryny resmi taýdan ykrar eden Russiýa garşy goýuljak sanksiýalar boýunça pikir alyşylan Milli howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinden soň kabul edilen kararlar hakynda beýannama berdi.
Morrison ýurdunyň Russiýanyň Howpsuzlyk geňeşiniň 8 agzasyna syýahat gadagançylyklarynyň we maliýe sanksiýalarynyň goýuljakdygyny aýtdy.
“Russiýanyň Ukrainany basyp almaga başlandygyny” nygtan Morrison, rus döwlet bankyna we şonuň bilen arabaglanşykly beýleki banklara hem sanksiýa goýuljakdygyny aýtdy.
Morrison has giňişleýin sanksiýalaryň Ukrainanyň separatist sebitleri Doneskde we Luganskda telekommunikasiýa, nebit, gaz we harby ätiýaçlar bilen birlikde, ençeme pudakda inwestitsiýa elýeterliligi bolan edaralara goýuljakdygyny beýan etdi.
Ýaponiýa hem Russiýanyň Ukrainanyň gündogaryndaky rus tarapdary separatistleriň dolanşyklaryny resmi taýdan ykrar etmek hakyndaky kararyndan soň käbir ykdysady sanksiýalary girizmek boýunça netijä gelipdi.
Premýer-ministr Kişida Fumio geçiren metbugat ýygnagynda dolanşyk diýilýän wlaýatlardan resmi adamlara wyza üpjünçiliginiň bes ediljekdigini we şol adamlaryň emläkleriniň saklanjakdygyny beýan edipdi.
Kişida adybir sebitlere edilýän eksportuň we imortuň bes ediljekdigini, Ýaponiýadaky Russiýa degişli täze weksel söwdasynyň gadagan ediljekdigini hem sözleriniň üstüne goşupdy.
Kanada hem Ukrainanyň gündogaryndaky separatistleriň dolanşyklaryny ykrar etmek we sebite goşun ugratmak hakyndaky kararyna jogap hökmünde Russiýa goşmaça sanksiýa girizendigini habar beripdi.
Kanadanyn Premýer-ministri Jastin Trýuda geçiren metbugat ýygnagynda ykdysady sanksiýalaryň birinji tapgyrynda kanadalylary Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň ykrar eden separatist zolaklar bilen ähli maliýe ylalaşyklaryndan mahrum etjekdigini aýdypdy.
Trýuda sanksiýalaryň separatist sebitleri ykrar etmäge ses beren rus parlamentinin agzalaryna hem degişli boljakdygyny we kanadalylaryň rus döwlet weksellerini satyn almaklaryny gadagan etjekdigini nygtapdy.