Dünýä ykdysadyýetiniň çylşyrymly ýagdaýlary sebäpli nebitiň bahalary 3% peseldi

Dünýä ykdysadyýetiniň çylşyrymly ýagdaýlary sebäpli nebitiň bahalary 3% peseldi

Dünýä ykdysadyýetiniň çylşyrymly ýagdaýlary, merkezi banklaryň göterim tölegleriniň ýokarlanmak mümkinçilikleri we Hytaýda COVID-19 bilen bagly girizilen çäklendirmeleriň gaýtadan berkidilmegi sebäpli, çarşenbe güni nebitiň bahalary 3%-e golaý peseldi.

Nebitiň “Brent” görnüşiniň noýabr aýy üçin şertnamalarynyň bahalary 2,70 ABŞ dollary ýa-da 2,76% peselip, onuň bir barreliniň bahasy 95,14 ABŞ dollaryna deň boldy.Grinwiç wagty bilen 09:39-da nebitiň WTI görnüşiniň şertnamalarynyň bahasy bolsa 2,58 ABŞ dollary ýa-da 2,82% peselip, onuň bir barreli 89,06 ABŞ dollaryna barabar boldy.

Mundan ozalky söwdalarda çökgünlik aladalary sebäpli, onuň bahasy 5,37 ABŞ dollary peselipdi.Bu barada “Reuters” agentligi habar berdi.

“Ösüşiň pese gaçmagynyň soňky sebäpleri awgust aýynda Hytaýyň zawodlarynyň işiniň peselmegi we ýurduň hyzmat pudagynyň garaşylanyndan has haýal giňelmegi bolup durýar” diýip, PVM nebit birleşiginiň bilermeni Tamas Warga aýtdy.

Tamas Warga mundan başga-da, geljek aýda Ýewropanyň we Amerikanyň merkezi banklarynyň göterim töleglerini takmynan 0,75% ýokarlandyrmagyna garaşylýandygyny aýdyp, bularyň global nebit bahalarynyň peselmegine itergi berýändigini aýtdy.

Nebitiň bahalarynyň saklanmagyna täsir edýän beýleki birnäçe faktorlar ABŞ-daky benziniň we ýeňil benziniň (dizel we uçar kerosini) ätiýaçlyklarynyň azalmagy, OPEC ýurtlaryny we Russiýa ýaly beýleki öňdebaryjy nebit öndürijilerini öz içine alýan topar tarapyndan nebit önümçiligini peseltmek boýunça gepleşikler bardyr.

OPEK+ ýurtlary 5-nji sentýabrda ýygnak geçirmegi meýilleşdirýärler. Ýewropa turbageçiriji arkaly tebigy gazyň üpjünçiliginiň azalmagy nebitiň bahasynyň pese gaçmagyna goşmaça itergi berdi.

ABŞ-nyň Energetika maglumatlary edarasy (EIA) awgust aýy boýunça çap eden energiýa hasabatynda 2022-nji ýyl üçin çaklamasyny täzeläp, nebitiň “Brent” görnüşiniň bir barelliniň ortaça bahasynyň 104,78 ABŞ dollaryna we nebitiň WTI görnüşiniň bir barreliniň bahasynyň 98,71 ABŞ dollaryna barabar boljakdygyny aýtdy.

Ýene degişli makalalar

OPEC+ nebit önümçiligini sentýabr aýynda artdyrar
EIA: 2023-de nebitiň ortaça bahasy $95-den geçer
OPEK + ýurtlary nebit önümçiligini artdyrmakçy
Nebitiň dünýä bahalary ýene gymmatlady
“Arsenal” Žesusyň het-trigi bilen ýarym finalda
“Çelsi”, “Arsenal”, “Tottenham”, “West Ham”… Londonyň klublary ýaryşdan çykdy