Dünýä ummanynyň maýlama depgini 2005-nji ýyldan bäri iki esse çaltlandy

Dünýä ummanynyň maýlama depgini 2005-nji ýyldan bäri iki esse çaltlandy

Dünýä ummanynyň suwunyň maýlama depgini 2005-nji ýyldan bäri iki essä golaý çaltlandy diýip, AFP habarlar gullugyna salgylanýan TASS ýazýar.

Dünýä ummanynyň maýlamasy, alymlaryň tassyklamagyna görä, geçen asyryň altmyşynjy ýyllaryndan bäri dowam edýär. Takmynan 2005-nji ýyldan bäri bu depgin tas iki essä golaý çaltlandy diýip, Copernicus Marine Service (Kopernik deňiz gullugy) edarasynyň okeanografy Karina fon Şukmann täze hasabat bilen tanyşdyranda aýtdy.

Howanyň üýtgemegi boýunça Hökümetara bilermenler toparynyň maglumatlaryna görä, 1970-nji ýyldan bäri ummanlar parnik gazlaryň zyňyndylarynyň artmagy netijesinde emele gelen howa ulgamynyň artykmaç ýylylygynyň 90 göterimden gowragyny özüne siňdirdiler. Maýlama şeýle-de deňziň ýylylyk tolkunlarynyň güýçlenmegine getirdi. Bu ýagdaý haçanda deňziň ýa-da ummanyň üstki suw gatlagynyň temperaturasy uzak wagtlap görnetin ýokarlananda bolup geçýär.

Alymlar ummanyň maýlamagynyň öz nobatynda has howply deňiz harasatlarynyň döremegine eltýändigini belleýärler.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň demir ýollary (RŽD) Türkmenistanda bilelikdäki kärhanany döretmegi meýilleşdirýär
“The Financial Times” ýylyň iň täsirli zenanlarynyň sanawyny düzdi
Türkmennebit we Türkmengaz döwlet konsernleri​ daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen birnäçe şertnama baglaşdylar
Google tölegleri kriptowalýutada kabul edip başlar
Apple MacBook-y özbaşdak bejermek üçin ähli zerur zatlary hödürläp başlady
Alžir, Nigeriýa we Niger Transsahara gaz geçirijisiniň gurluşygy barada ylalaşdylar