Dünýä Ulag Hyzmatlary hojalyk jemgyýeti işewürlik we şahsy taraplaryň islegleri üçin toplumlaýyn çözgütleri hödürleýär. Dünýä Ulag Hyzmatlary HJ-niň logistika hyzmatlary halkara daşamalaryň we ýükleri eltip bermegiň dürli ugurlaryny öz içine alýar.
Kompaniýa öz alyp barýan işiniň esasy ýedi ugry bilen tanyş etdi:
1. Halkara satyn almalar we eltip bermek kompaniýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Gurama Russiýada, Türkiýede, Ýewropa ýurtlarynda we dünýäniň beýleki sebitlerinde harytlary satyn alyp, soňra olary öz çaparçylyk hyzmaty arkaly iberýär.
2. Kompaniýa resmileşdirmek we gaýtadan işlemek üçin ähli talaplary göz öňünde tutup, iş korrespondensiýalaryny we resminamalary eltip bermek boýunça hyzmatlary hödürleýär.
3. Dünýä Ulag Hyzmatlary howa gatnawy arkaly daşamalar pudagynda ýükleri daşamakda olaryň howpsuzlygyny we zepersiz saklanylmagyny kepillendirmek bilen, dünýäniň islendik ýerine howa arkaly tiz wagtda eltilmegini üpjün edýär.
4. Kompaniýa sergi enjamlaryny daşamaga hem ýöriteleşendir. Bu hyzmat, esasan-da, halkara sergileri we tanyşdyryş çärelerini guraýjylar we oňa gatnaşyjylar üçin örän möhümdir.
5. Ýükleri professional derejede gaplamak kompaniýanyň iş çygrynda özboluşly ugra öwrüldi. Kompaniýanyň hünärmenleri ýükleri daşamagyň ähli tapgyrlarynda olaryň howpsuzlygyna aýratyn üns berip, halkara daşamalar amala aşyrylanda harytlary ygtybarly goramagy üpjün edýärler.
6. Daşary ykdysady iş ugrunda Dünýä Ulag Hyzmatlary işewürligiň özbaşdak zerurlyklaryny we ýükleri daşamaga bolan ýörite talaplary göz öňünde tutýan import we eksport daşamalary boýunça toplumlaýyn çözgütleri hödürleýär.
7. Hyzmatlar bukjasynda diplomatik we resmi ýükleriň eltilip berilmegine aýratyn orun degişli. Kompaniýa şeýle ýollamalar bilen iş salşanda ýokary derejeli howpsuzlygy we netijeliligi üpjün edýär.
Müşderilere amatly bolmagy üçin ýükleri daşamagyň ähli tapgyrlarynda ýükleriň ýerleşýän ýerine häzirki wagt hasabynda gözegçilik etmäge mümkinçilik berýän ýük yzarlaýyş ulgamynyň ornaşdyrylandygyny bellemelidiris.
Dünýä Ulag Hyzmatlary HJ-niň hyzmatlarynyň giň ulgamy halkara ýük daşamalary we eltip bermek pudagynda şahsy taraplar bilen birlikde uly göwrümli korporatiw sargyt edijileriň hem isleglerini kanagatlandyrmaga niýetlenen logistika hyzmatlarynyň toplumyny döretmäge gönükdirilendir.
Habarlaşmak üçin:
Şeýle-de okaň: