Şu gün Aşgabat şäherindäki Mekan köşgünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIII maslahaty geçirildi.
Oňa Birleşen Arap Emirliklerinden, Germaniýa Federatiw Respublikasyndan, Türkiýe Respublikasyndan, Saud Arabystany Patyşalygyndan, Owganystan döwletinden Birleşigiň daşary ýurtly agzalarynyň 16-sy, Birleşigiň Türkmenistandaky şahsy we köpçülikleýin agzalary, şeýle hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzalary we deputatlary, ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary hem-de talyplary, gazet-žurnallaryň redaktorlary, döredijilik işgärleri gatnaşdylar.
Maslahatyň başynda Arkadagly Serdarymyzyň Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer bileleşiginiň XXIII maslahatyna gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy.Maslahatyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň beýik işleriniň netijesinde ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň, gazanylýan ajaýyp üstünlikleriň bu gün dünýä türkmenlerini hem çäksiz buýsandyrýandygyny we galkyndyrýandygyny, dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan türkmen doganlarymyzyň özlerini hossarly duýýandyklaryny, ata Watanymyzda gazanylýan taryhy ähmiýetli üstünliklere guwanýandyklaryny belläp geçdi.
Maslahatyň dowamynda Germaniýa Federatiw Respublikasyndan Nassery Abdul Hakim, Birleşen Arap Emirliklerinde ýaşaýan türkmenleriň medeni jemgyýetiniň başlygy Ata Murad Hoja Murad, Owganystanly türkmenleriň Magtymguly Pyragy adyndaky medeni jemgyýetiniň başlygy Ahmad Abdul Rahman dagy çykyş etdi.
Maslahatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň alyp baran işleriniň netijeleri we dünýä türkmenleriniň medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň resminamalaryna gol çekildi.
Maslahatyň ahyrynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işiniň kämilleşmegine goşan saldamly goşandyny göz öňünde tutup, birleşigiň türkmenistanly we daşary ýurtly agzalarynyň birnäçesi Ynsanperwerligiň sarpasy nyşany bilen sylaglanyldy hem-de Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХХIII maslahatyna gatnaşyjylaryň hormatly Prezidentimize Ýüzlenmesini kabul edildi.