Dünýä türkmenleri Türkmenistanda geçiriljek irki prezident saýlawlaryndan nämä garaşýar?

Dünýä türkmenleri Türkmenistanda geçiriljek irki prezident saýlawlaryndan nämä garaşýar?

Türkmenistanda 12-nji martda geçiriljek irki prezident saýlawlary golaýlaýar. Eýsem, dünýä türkmenleri Türkmenistanda geçiriljek irki prezident saýlawlaryndan nämä garaşýar!? Türkmenistanyň öz raýatlarynyň ençemesi, Azatlyk Radiosynyň ozal hem habar berşi ýaly, saýlawlardan köp zada garaşmaýar.

Dünýä Türkmenleri programmamyzyň bu sany dünýä türkmenleriniň Türkmenistanda geçiriljek irki prezident saýlawlaryndan edýän tamasyna, arzuw-isleglerine gönükdirilýär.

Azatlyk Radiosy 3-nji martda Owgan türkmenleriniň milli hereketiniň başlygy Muhammad Kemal Güneş bilen Türkmenistanda golaýlaýan saýlawlar we dünýä türkmenleriniň saýlawlardan edýän tamalary barada söhbetdeşlik geçirdi.Güneş prezident saýlawlarynda türkmensöýer’ dalaşgärleriň öňe saýlanmagyny arzuw etdi.

Aslyýetinde, Türkmenistanda geçiriljek saýlawlarda ýeke-täk dalaşgär, prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedow, synçylara görä, has öňe saýlanýar.Onuň saýlaw ýeňşine “kesgitli netije” hökmünde garalýar.Serdar Berdimuhamedowyň gapdaly bilen başga-da sekiz dalaşgär hasaba alyndy.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan dünýä türkmenleriniň wekili bu saýlawlar bilen ilhalar ynsanlaryň, 'türkmensöýer' dalaşgärleriň, bütin dünýä türkmenlerini birleşdirjek adamlaryň öňe saýlanmagyny arzuw etdi.

Kemal Güneşiň saýlawlaryň töweregindäki arzuw-islegi tutuş dünýä türkmenleriniň arzuw-islegini şöhlelendirmän biler, ýöne ol Azatlyk bilen söhbetdeşlikde özleriniň eýran türkmenleri bilen, owgan, yrak, siriýa, türkiýe türkmenleri bilen, galyberse-de, Ýewropada we arap ýurtlarynda ýaşaýan türkmenler bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýandyklaryny aýtdy we ähli türkmenleriň Türkmenistandaky saýlawlarda “täzeçil, milli we türkmeni birleşdirjek” syýasatçylaryň öňe saýlanmagyny arzuw edýändiklerini aýtdy.

Güneş öz sözlerini görnükli türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň şygyr setirleri bilen delillendirip, söhbetdeşlige girişdi:

“Beýik atamyz Magtymguly Pyragy şeýle diýýär:

Köňüller, ýürekler bir bolup başlar/ Tartsa ýygyn erär topraklar daşlar/ Bir suprada taýýar kylynsa aşlar/ Göteriler ol ykbaly türkmeniň” diýip, owganystanly türkmen Pyragynyň setirlerini ýatdan aýtdy. Ol söhbetdeşligiň başynda türkmen halkynyň ýakyn taryhda duçar bolan agyr günlerini ýatlady.

“Bilşiňiz ýaly, öňler Sowet Soýuzynyň düzümine giren döwletler, şol döwletleriň hatarynda hususan-da Türkmenistan ösüşlerden yza galan respublikalaryň biridir. Ikinji Jahan urşunda hem ýurt agyr ýagdaýlara [duçar boldy].”

Şeýle-de, owganystanly türkmen jahan urşunda wepat bolan türkmen gerçeklerini ýatlady, türkmen halkynyň ýakyn taryhda agyr günlere sezewar bolandygyny ýene bir gezek nygtady.

“Şol döwürlerde türkmen gerçekleri, türkmen ýigitleri wepat boldy. Jahan urşy tamamlanandan soňra, 1948-nji ýylda Aşgabatda 8 magnitýudly ýer titremesi boldy. Ýer sarsgynynda ýüzlerçe müň adam aradan çykdy. Şol döwürlerde başga milletlerden bolan adamlar Türkmenistana gelip ýerleşdiler” diýip, ol aýtdy.

Owganystanly türkmen ýetip gelýän saýlawlaryň ähmiýetine göz ýetirmek üçin, türkmen halkynyň ýakyn taryhyna göz aýlamagy makul hasaplaýar.

Türkmenleriň ýakyn taryhda Sowet Soýuzynyň düzüminde II Jahan urşuna gatnaşmagy, XX asyryň ortalarynda türkmen paýtagtynda bolan elhenç ýer sarsgyny, garaşsyzlykdan soňra türkmen baýdagynyň döredilmegi we ondan soňky geçen döwrüň dowamynda dünýä türkmenleri bilen Türkmenistan türkmenleriniň arasynyň ymykly açylmagy Kemal Güneşi irki prezident saýlawlary barada pikir ýöretmäge iterýär.

“Saparmyrat Türkmenbaşynyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň özbaşdaklygy alyndy. Türkmeniň baýdagy hem şol döwürlerde dünýäde, hatda Birleşen Milletler Guramasynda parlady. Şol döwürlerde bütin dünýä türkmenleriniň buýsanjy artyp, göwünleri joşdy” diýip, ol aýtdy.

Maglumat üçin aýdylsa, bolşewik häkimiýetiniň türkmen topragyna ornaşmagy bilen, 20-nji asyryň başlarynda sowet zulmy sebäpli ýüzlerçe müň türkmen Owganystana we Eýrana bosup çykdy. Eýrandaky we Owganystandaky türkmen ilatynyň sany millionlarça, ýöne olaryň anyk sanyny görkezýän resmi statistika ýok.

Türkmenistan özbaşdak ýurt bolandan soňra, 1991-nji ýylyň maýynda Aşgabatda dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi döredildi. Bu gurama dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan türkmenleri jem edip, ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow dünýä türkmenleriniň ýygnaklaryna gatnaşýardy. Ýöne owganystanly türkmeniň sözlerine görä, garaşsyzlykdan soňra, wagtyň geçmegi bilen, dünýä türkmenleri bilen türkmenistanly türkmenleriň arasy açyldy.

“Ýöne 30 ýylyň içinde soňky döwürlerde Türkmenistanyň ýolbaşçylary, häzirki döwletiň syýasy ýolbaşçylary “ýapyk gapy” syýasatyny öňe alyp bardylar. Şol sebäpden dünýä türkmenleri bilen Türkmenistanda ýaşaýan türkmenleriň arasy açyldy. Şonuň üçin, türkmen doganlarym, aýtjak käbir sözlerim bar” diýip, owganystanly türkmen öňümizdäki saýlawlar barada özüniň arzuw-islegini beýan etdi.

Ol saýlawlaryň ýurduň içinde we daşynda ýaşaýan türkmen halkyna bähbit getirmegini arzuw etdi.

“Ýurduň içinde we daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanlylardan öňümizdäki saýlawlar boýunça meniň etjek haýyşym, islegim: şeýle bir syýasatça ses beriň, goý, ol Türkmenistandaky häzirki syýasaty aradan aýryp, täze syýasata köňül bersin!

Tüýs ýürekden türkmensöýer, edermen ynsanlar orta çyksyn!Owganystanda ýaşaýan türkmenleriň, Eýranda, Yrakda, Siriýada, Pakistanda, Türkiýede, Ýewropa ýurtlarynda we arap ýurtlarynda ýaşaýan türkmenleriň esasy islegi [Türkmenistanda] täze pikirli adamlaryň orta çykmagydyr” diýip, owganystanly türkmen aýtdy.

1991-nji ýylyň maýynda Aşgabatda döredilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigine häzir prezident Gurbanguly Berdimuhamedow başlyklyk edýär. Şu wagta çenli gurama 23 töweregi maslahat geçirdi. Resmi maglumatlara görä, guramanyň 14 ýurtda 27 bölümi hereket edýär.

“Biziň esasy islegimiz türkmen halkynyň agzybir bolmagy, [ýolbaşçylaryň] täze pikirleri orta atyp, syýasat alyp barmagy.Sebäbi bütin dünýäde alnyp barylýan syýasat milli syýasat bolup barýar.Meselem, Türki döwletler guramasy orta çykdy, ýöne gynansak-da türkmen halky şu syýasatlardan yzda galyp barýar.

Biz häzir türkmen halkyny birleşdirip bilemizok.Türkmenistanda dünýä türkmenleriniň gumanitar birleşiginiň edarasy bar, ýöne ol hem dünýä türkmenlerinden bolan sanaglyja adamlar bilen öz işini alyp barýar.Bu gurama hem bar bolan kynçylyklary aradan aýryp bilmeýär. Şonuň üçin geljekki saýlawlarda Türkmenistanyň halky, ýurduň daşyndaky we içindäki adamlar, bilimli, umuman türkmensöýer syýasatçylary orta çykarmaly.

Ata-babalarymyzdan gelýän gyzyldan gymmatly nakyllar bar.Biz şolara eýerip, şular ýaly işleri alyp barmaly.Birleşseň bitersiň, agzala bolsaň ýitersiň!’ diýýär.Agzybire taňry bir, agzalany gaňry bir’ diýýär.

Ynha şolar ýaly, hormatly dostlarym, sizden haýyşym, Türkmenistany dolandyrjak adamlar barada ymykly pikirlenip, öz sesiňizi şolara beriň!” diýip, Kemal Güneş aýtdy.

Türkmenistan şu wagta çenli abraýly halkara guramalary tarapyndan erkin we adalatly saýlaw geçirmedi. Merkezi saýlaw topary tarapyndan resmi taýdan hasaba alnan dalaşgärlerden başga, ýurduň daşynda hereket edýän birnäçe oppozisiýa wekili pikirdeşleri tarapyndan ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige hödürlendi. Ýöne olaryň dalaşärligi, Merkezi saýlaw toparynyň maglumatlaryna görä, hasaba alynmady.

“Biz, Owganystan türkmenleri, Türkmenistanda esasan türkmen halky üçin, dünýä türkmenleri üçin alada edýän adamlary goldaýarys.Enşalla, biz hem owgan türkmenleri bolup, goldaw bereris.Türkmenistanda ýaşaýan türkmenler barada biziň hiç hili ýaman niýetimiz ýok...

Jahan urşy döwürlerinde Owganystan türkmenlerini şol ýere ugratjak boldular, ýöne ylymly, bilimli, düşünjeli ýaşulylarymyz, edermen halkyň içinde ýolbaşçy bolup ýören adamlarymyz şol alyp barlan syýasatlara garşy durup, türkmen hiç haçan özüniň ata-baba ýurduna gylyç götermez’ diýip, uruş döwürlerinde bärden boljak hereketleriň öňüni aldylar.

Biz Türkmenistan halkyny, milletini söýýäris.Biziň ata-babalarymyz Türkmenistandan gaýdypdyr, biz Owganystanda ýaşap ýörüs.Biziň eýran türkmenleri bilen hem, yrak we siriýa türkmenleri bilen hem aragatnaşygymyz bar.

Olaryň hem pikir-garaýyşlaryna diň salýarys.Bütin dünýäde ýaşaýan türkmenleriň pikir-garaýyşlary birmeňzeş. Şol sebäpden, öňümizdäki saýlawlarda türkmensöýer milli adamlar, bilimli-düşünjeli adamlar orta çyksady!” diýip, owganystanly türkmen aýtdy.

Ol beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynda täze-täze liderleriň syýasy sahna çykyp, reformalary amala aşyrýandyklaryny aýtdy. Galyberse-de, owganystanly türkmen özbek, gyrgyz we täjik ýolbaşçylarynyň Owganystanda ýaşaýan etniki özbekleriň, gyrgyzlaryň we täjikleriň aladasyny edýändiklerini aýtdy.

“Görşüňiz ýaly, beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynda hem üýtgeşiklikler boldy, şular ýaly saýlawlar bolup geçdi, oňat pikirli adamlar orta çykdy.Olar öz ýurtlarynda bar bolan kynçylyklary ýuwaş-ýuwaşdan aradan aýyrýarlar.

Gazagystanda görüp otyrsyňyz, bütin gazaklary alyp gidýärler. Özbegistan hem Owganystanda ýa-da başga ýurtlarda ýaşaýan özbeklere goldaw berýär.Gyrgyzystan hem şeýle. Şulary ýaly syýasatlary alyp barsalar, türkmenleri birleşdirseler...

Biziň ata-babalarymyz dünýäde uly-uly döwletleri gurdular, uly-uly imperiýalary gurdular...Türkmenler ýene-de birleşse, agzy-dili bir bolsa, hemme ýerde birleşseler, Türkmenistanda-da güýçli döwlet bolar, onuň daşynda ýaşaýan türkmenler hem muny, enşalla, goldarys!” diýip, ol aýtdy.

Kemal Güneş tutuş dünýäde dowam edýän agyr kynçylyklara ünsi çekip, bütin dünýä türkmenleriniň birleşmegini arzuw etdi.

“Häzirki döwürde bütin dünýäde halklar agyr halatda ýaşaýarlar. Türkmen dünýäsi şu kynçylyklary aradan aýyrjak akylly-başly syýasatçylara mätäç. Bütin dünýä türkmenleriniň arzuwy geljekde birleşip, bir pikirde agzybir bolup, hereket etmek. Muny Alla tagallanyň özi nesip etsin!” diýip, owganystanly türkmen arzuw etdi.

Ozalam aýdyşymyz ýaly, dünýä türkmenleriniň anyk sany barada statistiki maglumat ýok, ýöne käbir ensiklopediýalarda dünýädäki etniki türkmen ilatynyň sany barada maglumatlara duş gelmek mümkin.

“Uly rus ensiklopediýasynyň” maglumatlaryna görä, Türkmenistanda 4 million töweregi türkmen ýaşaýar. Şeýle-de, Özbegistanyň Nawoýy oblastynda 200 müň töweregi, günorta-günbatar Täjigistanyň hususan-da Kafirnigan we Wahş jülgelerinde 15 müň töweregi, Demirgazyk Owganystanda 1 million töweregi, demirgazyk-gündogar Eýranyň Gülüstan, Demirgazyk Horasan we Horasan-Rezawi welaýatlarynda 2,4 million, Siriýada, Liwanda, Iordaniýada we Türkiýede (Türkiýäniň esasan merkezi Anadoly regionynda) 10 million, Russiýada (stawropol we astrahan türkmenlerini goşanyňda) 37 müň töweregi türkmen ýaşaýar. Şeýle-de, rus ensiklopediýasyna görä, günorta Gürjüstanyň Samsthe-Jawaheti okrugynyň Ahaltsihe şäherinde, gündogar Azerbaýjanda we Ermenistanyň Lori, Geharkunik we Sýunik oblastlarynda-da türkmenler kowçum bolup ýaşaýar.

Hytaýda salarlar’ diýlip tanalýan, gelip çykyşy boýunça türkmen ilaty bar.

“Meniň esasy dilegim, alyp barýan işlerimde hem arzuwym, umydym, gelejek nesillerimize hyzmat edip, geçmişdäki ata-babalarymyzyň ruhuny şat etmek üçin birleşmek. Ynha şular ýaly arzuwda men. Bu bütin dünýä türkmenleriniň arzuwydyr” diýip, owganystanly türkmen aýtdy.

Türkmen metbugatyna görä, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Aşgabatda geçirilýän ýygnaklaryna daşary ýurtlarda ýaşaýan ýülerçe etniki türkmen gatnaşýar. Türkmen resmileri dünýä türkmenleriniň Aşgabatda geçirilýän ýygnaklarynda özleriniň daşary ýurtlardaky türkmen diasporalarynyň aladasyny edýändiklerini aýdýarlar.

“Watansöýüjilik, dostluk, ynsanperwerlik biziň halkymyza gadymy döwürlerden bäri mahsus bolan özboluşly aýratynlyklardyr.Bu asylly ýörelgämizi mynasyp dowam etdirip, biz milletimizi jebisleşdirmäge, dünýä türkmenleri bilen köpugurly gatnaşyklarymyzy giňeltmäge, ýurdumyzyň halkara syýasy, durmuş-ykdysady, medeni giňişlikdäki ornuny ýokarlandyrmaga döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde aýratyn ähmiýet berýäris.

Dünýä türkmenleri bilen doganlyk gatnaşyklarymyzy has-da giňeldýäris, eziz doganlarymyzyň Garaşsyz, Bitarap Watanymyza erkin gelip-gitmegi, ýurdumyzda işlemegi we okamagy üçin olara ähli zerur goldawlary bereris” diýip, türkmen metbugaty prezident Berdimuhamedowyň sözlerini sitirleýär. Ýöne daşary ýurtlarda ýaşaýan etniki türkmenler özleriniň ata watana arkaýyn syýahat edip bilmeýändiklerini, wiza kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny aýdýarlar.

“Şonuň üçin bütin dünýä türkmenlerine seslenýärin, umyt edýärin, arzuw edýärin, goý, Türkmenistanyň içindäki we daşyndaky türkmenler gaflat ukusynda’ ýatmasyn! Pikir etsinler, dünýä ne halda barýar, biz, türkmenler ne halda barýarys! Şonuň üçin, oýansynlar! Öz ykballaryny, türkmen milletiniň, bütin dünýäde ýaşaýan türkmen halkynyň ykbalyny oýandyrsynlar! Birleşip hereket etsinler!” diýip, Owganystanly türkmenleriň milli hereketiniň başlygy Mohammad Kemal Güneş aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen tebigatynyň gözelligi
Türkmen BerkMetal HK-nyň bilermenleri ýuwmagyň dürli görnüşleri üçin niýetlenen serişdeleriň arasyndaky esasy tapawudy düşündirdiler
Türkmen BerkMetal kir ýuwujy maşynlaryň goragy üçin täsirli serişdeleri hödürleýär
Türkmen BerkMetal Güneş hojalyk himiki serişdelerini hödürleýär
1-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmen BerkMetal Türkmenistanda ekologik taýdan howpsuz öý himiýa serişdelerini öndürýär
Hirurg-lukmanlar dünýädäki iň görmegeý erkek kişini saýladylar