Dünýä Türkmenleri: Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy bellenilýär

Dünýä Türkmenleri: Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy bellenilýär

Türkmenistanda şu ýyl gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden, dabara bilen bellenip geçilýär.

Mejlisiň karary bilen “Pähim-paýhas ummany, Magtymguly Pyragy” atlandyrylan ýylyň dowamynda resmiler ýurduň içinde we daşynda möhüm sene mynasybetli ençeme çäreleri guramalaşdyrýarlar.

Media serişdeleri we metbugat sahypalary özüniň gymmatly eserleri bilen halk hakydasynda yz galdyran akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden wagyz edýär.

Dünýä Türkmenleriniň nobatdaky sany Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanýar. Birnäçe bölümden ybarat boljak gepleşikler tapgyrynyň bu sanynda Özbegistanyň Horezm welaýatyndaky “Altyn Miras” jemgyýetiniň başlygy, özbegistanly intelligensiýa wekili, golýazmalary toplaýjy Komil Nurjonow bilen hem-de Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hally bilen geçirilen aýry-aýry interwýulary diňleýjilerimiziň dykgatyna ýetirýäris.

Ýene degişli makalalar

Pyragy we Puşkin milli medeniýetlere gönezlik bolmak jähetden birmeňzeş wezipeleri 'ýerine ýetirdi'
2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň dabarasy dag aşdy
Ilhalar bagşy Bababamyrat Hamdamow dünýäden ötdi
Ýewropadaky iň belent Täze ýyl arçalary belli edildi
Ýabany atlar 200 ýyldan soň Gazagystana dolandy
Hakan Fidan, Entoni Blinken Bilen Duşuşdy