Dünýä täzelikleri

Makedoniýa resmi taýdan iki dile eýe boldy. Alban dilini ýurduň ikinji resmi dili diýip ykrar etmek baradaky Kanun güýje girdi. Bu barada Parlamentiň metbugat sekretary Talat Jaferi habar berdi. Makedoniýanyň ilatynyň dörtden bir bölegi etnik albanlardyr. Albança Albaniýanyň hem-de Kosowa Respublikasynyň hem resmi dilidir.

“BMG-niň ýanyndaky ABŞ-nyň hemişelik wekili Nikki Heýli Bütindünýä Bankynyň başlygy wezipesine dalaşgär hökmünde hödürlendi” diýip, “Financial Times” habar berdi. Bankyň häzirki başlygy Jim En Kim 1-nji fewraldan öz işinden gitjekdigini mälim edipdi.

Russiýanyň we Hytaýyň arasyndaky haryt dolanyşygy rekordy täzeläp, 100 milliard dollara ýetdi. Şeýle görkeziji Moskwa bilen Pekiniň söwda gatnaşyklarynyň taryhynda ilkinji gezek bellige alyndy. Bu barada HHR-iň Söwda ministrliginiň resmi wekili Gao habar berdi.

Hytaý Halk Respublikasynyň Walýuta gorlaryna gözegçilik boýunça döwlet edarasynyň maglumatlaryna laýyklykda, 2018-nji ýylyň dekabr aýynyň ahyrynda Hytaýyň walýuta gorlary 3 trillion 72,7 milliard dollara deň bolupdyr.

Londonyň abraýly maliýe žurnaly “The Banker” Portugaliýa Respublikasynyň maliýe ministri Mariu Sentenuny 2018-nji ýylyň iň gowy maliýe ministri diýip yglan etdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo Ýakyn Gündogar ýurtlaryna saparynyň dowamynda Saud Arabystanynyň paýtagty ER-Riada bardy. Şeýle hem ol 8-15-nji ýanwar aralygyndaky saparynyň çäklerinde Iordaniýa, Müsür, Bahreýn, Birleşen Arap Emirlikleri, Oman we Kuweýt ýaly ýurtlarda boldy.

14-nji ýanwarda Ermenistanyň Prezidenti Armen Sarkisýan täze parlamentiň birinji mejlisinde Nikola Paşinýany ýurduň Premýer-ministri wezipesine belledi.

Ýene degişli makalalar

Borrel Gazadaky ýagdaý barada beýannama berdi
UEFA Çempionlar Ligasynda 1-nji saýlama tapgyryň duşuşyklary tamamlandy
Dünýä Ýurtlary TUSAŞ-a Guralan Hüjümi Ýazgardy
Türk metbugatynyň gysgaaça mazmuny
Dünýä Kubogy 2026: Ýewropa zolagynyň saýlama toparçalarynyň bijeleri çekildi
Ajaý Banga Bütindünýä bankynyň prezidenti wezipesine bellenip biler