Awstraliýadan Ýewropa gonmazdan 17 sagatlyk uçuş amala aşyryldy. “Quantas” awiakompaniýasynyň “Boeing-787 Dreamliner” uçary Günbatar Awstraliýanyň Pert şäherinden howalanyp, Beýik Britaniýanyň Hitrou howa menziline gondy.Bu taryhy uçuş ilkinji gezek amala aşyryldy. 14,5 müň kilometrlik aralyk bir demde diýen ýaly geçildi.
Uçarda 200 ýolagçy we 16 ekipaž bardy.Mundan soňra bu ugurdaky uçuşlary yzygiderli amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.
Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe şu ýylyň 26-njy maýynda Russiýanyň Moskwa hem-de Sankt-Peterburg şäherlerinde saparda bolar.Bu barada Russiýa Federasiýasynyň wise-premýeri Olga Golodes Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministri Hirosige Seko bilen bolan duşuşygyndan soňra habar berdi.
Bu sapar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ýygjamlaşdyrylmagyna mümkinçilik berer. 2017-nji ýylda Russiýanyň hem-de Ýaponiýanyň liderleri 4 gezek duşuşdy.
“Lego” çaga oýnawajyndan ýaponlaryň meşhur “Toyota Camry” ulagy ýasaldy. “Lego” boýunça hünärmen awstraliýaly Raýan Maknot 500 müň sany kubik bilen 2 tonnadan gowrak agramy bolan gyzyl reňkli bu ulagyň häzirki zaman görnüşini ýasady. Munuň üçin 2 aý gerek boldy. Ol Maknotyň Melburn şäherindäki muzeýinde aprel aýynyň ahyryna çenli köpçülige görkeziler.
Hindistanda diňe zenanlar üçin awtobus hereket eder. Ýakyn wagtda ýurduň Uttar-Pradeş ştatynda zenanlary gatnadýan awtobusyň hereket edip başlanjakdygy mälim edildi.Bu barada sebitiň hökümeti habar berdi. Ştatyň baş ministri Ýogi Aditýanathyň aýtmagyna görä, bellenen gatnaw ugurlary boýunça 50 sany al reňkli awtobus diňe zenanlara hyzmat eder. 10 awtobusyň sürüjisi hem zenan bolar.
Ilkinji gülgün reňkli awtobus 2017-nji ýylda görkezilipdi we sebitiň hökümeti tarapyndan tassyklandy.Ulag sowadyjy we beýleki tehniki abzallar bilen abzallaşdyrylandyr.
Ukraina 2020-nji ýyldan başlap, tebigy gaz eksport etmäge girişer. Şondan soňra ýurduň hökümeti raýatlara berilýän tebigy gazyň bahasyny özbaşdak kesgitläp biler. Bu barada ýurduň Premýer-ministri Wladimir Groýsman habar berdi. Ukrainanyň “Ukrgazçykaryş” kompaniýasy 2017-nji ýylda tebigy gazyň öndürilişini 700 million kubmetr ýokarlandyrdy.
Irlandiýanyň “Ryanair” kompaniýasy Ýewropanyň birnäçe şäherinden Ukraina uçar gatnawlaryny ýola goýar.Bu babatda kompaniýanyň ýerine ýetiriji direktory Maýkl O’Liri bilen Ukrainanyň Prezidenti Pýotr Poroşenko ylalaşyga geldi.Kompaniýanyň ýolbaşçysy Ukraina maýa goýmagy meýilleşdirýändiklerini, şu ýyl Kiýewden 10, Lwowdan 5 ugur boýunça Ýewropa uçar gatnawlaryny ýola goýjakdyklaryny mälim etdi.
Bu ugurdaky işler güýçli depginde dowam etdirilýär. Şu ýylyň oktýabr aýynda “Borispol” hem-de “Lwow” howa menzillerinden Barselona, Dýusseldorf, Krakow, London, Stokgolm we beýleki Ýewropa şäherlerine ilkinji uçuşlar amala aşyrylar.
Katar bilen Sudanyň arasynda Gyzyl deňziň kenaryndaky Suakin portunyň dolandyrylmagy babatda ylalaşyga gol çekildi. Katar bu portuň durkuny döwrebaplaşdyrmak üçin 4 milliard dollar gönükdirer. Sudanyň iri portlarynyň biri hasaplanýan Suakiniň gurluşygy 2020-nji ýylda tamamlanar. Onuň dolandyrylyş paýynyň 51 göterimi Sudana, 49 göterimi Katara degişli bolar.
Hytaýyň Merkezi banky öz milli pul birligi ýuan arkaly halkara töleg ulgamynyň synag işleriniň ikinji tapgyryny amala aşyrdy.Bu ulgamy işe girizmekdäki maksat halkara töleg ulgamynda hytaý puluny ulanmagy goldamakdan ybarat.
Hytaýyň halkara töleg ulgamyny (CIPS) durmuşa ornaşdyrmak üçin onlarça hytaý we daşary ýurt banklary gatnaşýar. 2015-nji ýylda gurlan bu ulgamy döwrebap derejede dowam etdirmek göz öňünde tutulýar.
Şu ýylyň 11-nji aprelinde Azerbaýjan Respublikasynda geçiriljek Prezident saýlawlaryna 300-den gowrak halkara synçylaryň gatnaşmagyna garaşylýar. Ýurduň merkezi saýlaw toparynyň habar bermegine görä, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň wekilleri çagyryldy. Şeýle hem ses berlişik güni 55 müň ýerli synçy hereket eder.
Saýlawlara ýurduň häzirki Prezidenti Ilham Aliýew bilen bir hatarda, 8 dalaşgär gatnaşýar.