Dünýä rekordyny goýýar

Polşanyň Žeşuwa şäherinden Krystian Herba täze dünýä rekordyny goýdy. Türgen welosipedde böküp çykmak usulyny ulanyp, Warşawanyň merkezindäki Warso diňiniň 4 müňden gowrak basgançagyna çykdy. Bu Ýewropa Bileleşiginde iň beýik binadyr. Binanyň 53 gaty bolup, beýikligi şpili bilen birlikde 310 metre ýetýär.

Krystian Herba eýýäm ýedi gezek Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Onuň sözlerine görä, bu gezek üstünlik oňa diňe bir beýikligi ýeňip geçmegi däl, eýsem, durnukly depgini hem getiripdir. Rekordyň eýesi, beýik binanyň basgançaklaryndan welosipedli ýokary çykandan soň hem ýene-de birneme güýjüniň bardygyny, bularyň hemmesiniň diňe gowy taýýarlyk sebäpli bolandygyny belledi.

– Men bu rekordy goýmazdan öň, kän türgenleşdim, günde 30 kilometrden gowrak ylgaýan wagtlarym bolýardy.Bu hem köp kömek etdi diýip pikir edýärin.Meniň bedenim energiýa ätiýaçlygynyň bolmalydygyny duýýar, sebäbi özüňe nämä garaşýandygyny hiç haçan bilmeýärsiň.

Elbetde, indiki ýyl bu rekordy 100 göterim täzelemek isleýärin.Men 4500-4600 basgançaga çykyp başararyn diýip pikir edýärin, ýöne hany indiki synanyşygymyz nähili bolýar göreris diýip rekord eýesi gürrüň berdi.

Ýatlap geçsek, şu wagta çenli Krystian Herba 4 yklymyň 13 ýurdunda 18 sany dürli-dürli ýaryşlarda ýeňiji bolupdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen dzýudoçylary Warşawa şäherinde geçirilen halkara bäsleşikde 2 medala mynasyp boldular
“Milan” bilen “Intere” ýeňiş ýeňil düşmedi
4 ýyl öň şu gün…
Türkmenistan Sport teleýaýlymy ýewropa futbolyndan dört sany oýny görkezer
“Brest” topary geň galdyrmagyny dowam edýär (habar-seljerme)
Täze çempion