BDSGG-nyň Baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus hüjümi berk ýagdaýda ýazgaryp: "Asuda ilatyň we saglygy goraýyş hyzmatlarynyň gyssagly goralmagy üçin çagyryş berýäris" diýip nygtady.
Tedros Adhanom Gebreýesus Gazanyň demirgazygyndaky hassahanalaryň Ysraýyl tarapyndan ewakuasiýa edilmegi baradaky talabynyň yzyna alynmagyny isleýändiklerini habar berdi.
ÝB Geňeşiniň başlygy Şarl Mişel Ysraýylyň Gazada hassahananyň bombalamagy bilen baglanşykly: "Örän köp sanda adam ýogaldy. Bu ol ýerde ýaşaýan adamlar üçin meýdandaky pajygaly ýagdaýyny görkezýär" diýip belledi.
Şarl Mişel raýat infrastrukturasyna garalýan hüjümleriň halkara hukuga bap gelmeýändigini habar berdi.
ÝB Kommisiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen: "Asuda ilat bilen dolan hassahanyň nyşana alynmagynyň hiç hili düşündirişi bolmaz. Ähli hakykatlaryň ýüze çykarylmagy we jogapkärleriň jogapkärçilik çekmekleri zerur" diýip aýtdy.
ÝB Daşary gatnaşyklar we Howpsuzlyk syýasatynyň Ýokary wekili Jozep Borrel Gazadaky hassahana guralan hüjümiň jogapkärleriniň jogap bermelidigini beýan etdi.
Ysraýylyň elbetde özüni goramak hukugynyň bardygyny, emma onuň çäginiň bardygyny aýdan Borrel, Hamasyň terrorçylykly hüjümlerini ýazgarýandyklaryny belläp: "Emma häzirki wagtda Gazadaky asuda ilat ýitgilerini ýazgarmagymyzyň gerekdigini pikir edýärin. Takmynan 3 müň adam. Sebäbi tragediýany ýazgarmak, beýleki tarapa sesimizi gataltmaga päsgelçilik bermeli däl" diýip nygtady.
ÝUNISEF hassahana guralan hüjümi ýazgaryp, ýaraşyk baglaşylmagy barada gyssagly çagyryş berdi.
Afrika Bileleşigi hem hüjümi ýazgardy we onuň adamzat jenaýatydygyny beýan etdi.
DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar Gazadaky Al-Ehli Baptist hassahanasyna garşy guralan hüjümi ýazgaryp, şol hüjümiň kabul edilmesizidigini nygtady.
Gollandiýanyň wagtlaýyn hökümetiniň Premýer ministr Mark Rutte sosial media hasabynda, hüjümiň derňelmeginiň gerekdigini belläp: "Nyşana alynan Al-Ehli hassahanasyndan elhenç materiallar gelip gowuşýar. Adamzadyň gam-gussasyny düşündirip bolmaz" diýip habar berdi.
Italiýanyň Premýer ministri Jorjiýa Meloni X platformasyndan beren beýanatynda: "Gazadaky Al-Ehli hassahanasynda başdan geçirilenler meni örän gynandyrdy.Italiýa ýogalan adamlar zerarly çuňňur gynanç bildirýär we ýogalanlaryň dogan-garyndaşlaryna, ýaralanan adamlaryň ýakynlaryna gynanç bildirýär.
Wakalaryň dinamikalaryny çürt-kesik tassyklanmagyna garaşmak bilen birlikde, asuda ilatyň goralmagy, gyssagly ynsanperwer meseleleriň çözülmegi we şol krizise gyssagly çözgüdiň tapylmagy baradaky ygrarlylygymyzy ýene-de bir gezek tassyklap geçýäris" diýip belledi.
Italiýanyň Wise-premýeri we Daşary işler ministri Antonio Tažani hem düýn wakadan soň X pltaformasyndan beren beýanatynda: "Gazadaky Al-Ehli hassahanasynda ýüzlerçe adamyň ýogalmagy zerarly gam-gussa boguldym. Asuda ilatyň goralmagy, çaknyşyklar dowam edýärkä hem ileri tutulmaly" diýip nygtady.
Iordaniýanyň Şasy II Abdullah Ysraýylyň Gaza sektoryndaky Al-Ehli hassahanasyna guran hüjümini elhenç bir harby jenaýat hökmünde häsýetlendirip ýazgardy.
Iordaniýanyň Şasy Ysraýylyň wagşy agressiýasyny gyssagly bes etmelidigini aýtdy.
Palestinada şu günden başlap 3 günlük milli ýas yglan edildi.
Eýranda Ysraýylyň guran hüjüminden soň 1 günlik milli ýas yglan edildi.
Eýranyň Prezidenti Ibrahim Reisi Ysraýylyň Gazadaky hassahana garşy guralan we ýüzlerçe adamyň ýogalmagy bilen netijelenen hüjümiň harby jenaýatdygyny we sessiz galmajakdyklaryny beýan etdi.
Eýranyň hökümeti hem Yslam ýurtlary başda bolmak bilen halkara jemgyýete Ysraýyl bilen gatnaşyklaryny kesmek we ilçilerini ýurtdan çykarmak barada çagyryş berdi.
Hassahana guralan hüjümi iň berk ýagdaýda ýazgarýandyklaryny aýdan Liwan hem ýurtda 1 günlik milli ýas yglan etdi.
BAE, Katar, Saud Arabystany, Müsür, Yragyň Kürt Awtonomiýasy, Pakistan, Owganystanda Talibanyň wagtlaýyn hökümeti, Liwiýa, Alžir, Jibuti, Beýik Britaniýa, Fransiýa, Ispaniýa, Norwegiýa, Germaniýa, Russiýa, Italiýa, Kuba, Wenesuela, Çili, Kolumbiýa, Somali, Sloweniýa, Awstraliýa, Kanada, Marokko, Kipriň Grek bölegi we başgada dünýäniň ençeme ýurt we halkara guramalar çap eden ýüzlenmelerinde, Gazada hassahana guralan hüjümi ýazgaryp, asuda ilatyň goralmagyny we uruşyň gyssagly bes edilmegini talap etdiler.
Ysraýylyň Gazadaky Al-Ehli Baptist hassahanasyna guran hüjüminde 500 adamyň ýogalandygy habar berildi.