Dünýä Liderleri Türkmenistanyň Prezidentini Gurban baýramy bilen gutladylar

Dünýä Liderleri Türkmenistanyň Prezidentini Gurban baýramy bilen gutladylar

Dünýä Liderleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy dünýäniň ähli musulmanlary üçin hoşniýetliligiň, hoşallygyň we sahylygyň nyşany bolan Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Palestina Döwletiniň Prezidenti Mahmud Abbas Gurban baýramy mynasybetli gutlaglaryny ugratdylar.

Türkiýäniň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Azerbaýjanyň, Palestina Döwletiniň döwlet Baştutanlary gutlag hatlarynda Türkmenistanyň Prezidentine berk jan saglyk, maşgala bagtyýarlygyny, uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, durnuklylyk, abadançylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdiler.

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde hem-de ýurduň ähli welaýatlarynda Gurban baýramy giňden bellenilýär.

Şeýle hem musulman dünýäsiniň mukaddes baýramlarynyň biri bolan mübärek Gurban baýramy dünýäniň ähli künjeginde bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurtly kärdeşleriniň birnäçesini Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli ýubileý medal bilen sylaglady
Türk mebugatynyň gysgaça mazmuny
Gazada Deňi-Taýy Görülmedik Genosid Başdan Geçirilýär
Abbas Bilen Abu Geýt Palestinada Başdan Geçirilýän Soňky Wakalar Hakynda Pikir Alyşdy
Putin Bilen Abbas Palestinada Başdan Geçirilýän Soňky Wakalar Hakynda Pikir Alyşdy
Gyrgyzystanyň Prezidenti ertir Aşgabada sapar bilen geler