Dünýä Liderleri Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutladylar

Dünýä Liderleri Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutladylar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa doglan güni mynasybetli daşary ýurtly kärdeşlerinden gutlag hatlary gelip gowuşdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň anna güni habar bermegine görä, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Hytaýyň Başlygy Si Szinpin, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistanyň Döwlet Baştutanyny doglan güni mynasybetli gutladylar.

Daşary ýurtly Prezidentler öz gutlag hatlarynda Türkmenistanyň Prezidentine berk jan saglyk, alyp barýan işinde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa bagtyýarlyk, ösüş we abadançylyk arzuw etdiler.

Şeýle hem Türkmenistantň Prezidentine doglan güni mynasybetli Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin, Gazagystanyň Premýer-ministri Alihan Smailow, Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko, Katar Döwletiniň şeýhler maşgalasynyň agzasy Faýsal bin Naser bin Hamad Al Tani gutlag hatyny ugratdylar.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni mynasybetli gutlady.

“Siziň berkarar Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge, ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, mähriban halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwrebap özgertmeleriňiziň, parahatçylyk, dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyňyzyň, döretmek we gurmak başlangyçlaryňyzyň elmydama rowaçlyklara, üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň gutlag hatynda bellenilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 1981-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde dünýä indi.

Ýene degişli makalalar

Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy Türkmenistanyň Prezidentini Bitaraplygyň 29 ýyllygy bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplygyň 28 ýyllygy mynasybetli gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
Kanani: Eýranyň üç adasy Eýranyň topragynyň aýrylmaz we baky bölegidir
Eýran Burkina-Fasonyň demirgazygyndaky terrorçylykly hüjümi ýazgardy
Kanani Cafi: Zalymlykly sanksiýalaryň doly ýatyrylmagy ýadro gepleşikleriniň esasy maksady
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary: Yslam Eýranyň döwleti we halky kanuny hukuklaryndan geçmez