Dünýä liderleri Türkmenistanyň Prezidentine gutlag hatlaryny iberdiler

Dünýä liderleri Türkmenistanyň Prezidentine gutlag hatlaryny iberdiler

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňize hijri-kamary senenamasy boýunça Täze ýylyň ýetip gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn. Beýik Allatagaladan Size berk jan saglyk, abadançylyk, ähli musulman ymmatyna bolsa rowaçlyk we rysgal-bereket dileýärin.

Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Şeýh Mohammed bin Zaýed AL NAHAÝÝAN,

Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňize Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan hijri-kamary hasaby boýunça Täze ýylyň ýetip gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.

Goý, täze ýyl ähli musulman halklaryna we bütin adamzada parahatçylyk, abadançylyk getirsin!

ABDULLA II,

Iordaniýanyň Patyşasy.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňize Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.

Beýik Allatagaladan Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa rowaçlyk hem-de abadançylyk dileýärin.

Mohammed Şiýa AL SUDANI,

Yrak Respublikasynyň Premýer-ministri.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňize hijri-kamary hasaby boýunça Täze ýylyň ýetip gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermek meniň üçin ýakymlydyr.

Beýik Allatagaladan Size berk jan saglyk, abadançylyk, ähli musulman ymmatyna bolsa rowaçlyk, rysgal-bereket dileýärin.

Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Şeýh Mohammed bin Raşid AL MAKTUM,

Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti,

Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňize hijri-kamary senenamasy boýunça Täze ýylyň ýetip gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn. Beýik Allatagaladan Size berk jan saglyk, abadançylyk dileýärin.

Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Şeýh Mansur bin Zaýed AL NAHAÝÝAN,

Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti,

Premýer-ministriniň orunbasary,

Prezidentiň iş dolandyryş ministri.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti we Türkmen halkynyň Milli Lideri Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutladylar
Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň ýolbaşçylaryny ýurduň Milli güni bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň ýolbaşçylaryny ýurduň Milli güni bilen gutlady
Gahryman Arkadagymyz Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Dubaýda BAE-niň wise-prezidenti bilen duşuşdy