Dünýä Liderleri Erdogany Gutlady

Dünýä Liderleri Erdogany Gutlady

Birnäçe ýurduň lideri, Prezident saýlawynyň ikinji tapgyrynda üstünlik gazanan Prezident R. T. Erdogany gutlady.

DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar, Prezident köşgünde beren beýannamasynda, Erdoganyň üstünliginiň DKTR-nyň we Gündogar Ortaýer deňiziniň durnuklylygy taýdan möhümdigini nygtap, “Enewatan Türkiýede geçirlen saýlawda Jenap Erdoganyň gazanan üstünligi şol bir wagtda DKTR-daky iki döwletli syýasatyň tassyklamasy boldy” diýdi.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Prezident Erdogana telefon edip, saýlawda gazanan üstünli bilen gutlady we Erdogany Azerbaýjana çagyrdy.

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, saýlawda gazanan üstünligi mynasibetli Prezident Erdogana ugradan gutlag ýüzlenmesinde, saýlawyň netijesiniň Erdoganyň Türkiýe Respublikasynyň Prezident hökmünde alyp barýan daşary syýasatyna we durmuşa geçirýän işlerine halkyň goldaw berýändigini görkezýändigine ünsi çekdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Twitterden beren habarnamasynda “Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdogany ýaňadandan prezidentlige saýlanmagy bilen gutlaýaryn. NATO agza iki hyzmatdaş ýurt hökmünde halkara kynçylyklaryň çözülmegi üçin birlikde işleşmek üçin sabyrsyzlanýaryn” diýdi.

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron hem Prezident R. T. Erdogany Twitter arkaly türk dilinde gutlady. Fransiýa bilen Türkiýäniň, Ýewropa parahatçylygyň gelmegi, NATO-nyň we Ortaýer deňiziniň geljegi ýaly birlikde hötdesinden geljek uly synaglaryň bardygyny aýdan Makron, “Erdogan bilen birlikde işleşmäge dowam ederis” diýdi.

Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols, Twitterden beren habarnamasyna “Germaniýa bilen Türkiýe iki ýakyn hyzmatdaş. Sosial we ykdysady taýdan güýçli gatnaşyklarymyz bar. Prezident Erdogany bu wezipesine ýaňadandan saýlanmagy bilen gutlaýaryn”diýdi.

Britaniýanyň Premýer-ministri Rişi Altar, Prezident Erdogany, saýlawyň 2-nji tapgyrynda gazanan üstünligi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky güýçli hyzmatdaşlygy dowam etdirmek üçin sabyrsyzlanýandyklaryny belledi.

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, Prezident R. T. Erdogany, saýlawda ýanadandan üstünlik gazanmagy bilen gutlady.

ÝB Geňeşiniň başlygy Çarles Mişel we ÝB Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Laýen hem Prezident Erdogany saýlawda gazanan üstünligi bilen gutlady.

BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Gutereş, Ýokary saýlaw geňeşiniň resmi bolmadyk netijelerine görä, ýaňadandan prezidentlige saýlanan Prezident R. T. Erdogany gutlady.

Beýleki tarapdan Kataryň, Demirgazyk Makedoniýanyň, Norwegiýanyň, Şwesiýanyň, Ukrainanyň, Pakistanyň, Liwiýanyň, Alžiriň, Senegalyň, Serbiýanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Wengriýanyň, Wenesuelanyň, Eýranyň, Palestinanyň, Albaniýanyň, Kosowanyň, Yragyň, Somaliniň, Gruziýanyň, Liwanyň, Tunisiň, Belarusyň, Sudanyň, Iordaniýanyň, Ermenistanyň, Ysraýylyň, Meksikanyňi Italiýanyň, Belgiýanyň, Braziliýanyň, Kuweýdiň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Awstriýanyň, Gollandiýanyn, Maltanyň, Omanyň, Bahreýniň, Saud Arabystanynyň, Ýemeniň, Argentiýanyň, Kubanyň, Meksikanyň, Perunyň we Gyrgyz respublikasynyň lideri Prezident Erdogany, saýlawda gazanan üstünligi bilen gutlady.

Ýene degişli makalalar

Erdogan Bilen Rutte Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan telefon diplomatiýasyny dowam etdirýär
Prezident Erdogan ÝB Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýeni kabul etdi
“Hytaýa, Russiýa Berýän Goldawyndan Ýüz Öwürmegi Üçin Çagyryş Berýärin”
Prezident Erdogan Adam hukuklary güni mynasybetli ýüzlenme çap etdi