Dünýä Kubogynyň taryhynda ilkinji gezek

Katar 2022-de ýer eýeleri juda ir ýaryşdan çykan hem bolsa yklym babatda ýer eýeleri ozalkylardan şowly netije görkezdi. Ýagny Dünýä Kubogynyň taryhynda ilkinji gezek 6 ýygyndy bilen wekilçilik eden AFK-nyň (Aziýanyň) 3 wekili bilelikde ilkinji sapar 1/8 finala çykdy.

Mundan öň 2002-nji ýylda we 2010-njy ýylda 2 wekili 1/8 finala çykan AFK-nyň bu gezek 2 topary häzirlikçe ýaryşy dowam etdirer.AFK-nyň wekilleri ilkinji gezek 1994-nji ýylda 1/8 finala çykypdy. Şonda Saud Arabystanynyň ýygyndysy 1/8 finala çykan ilkinji Aziýa topary bolupdy.

32 ýygyndynyň gatnaşýan çempionatynda şolaryň deň ýarysy, ýagny 16-sy ýoluny dowam eder. 1/8 finala çykan 16 ýygyndynyň deň ýarysy 8-si UEFA-nyň (Ýewropa), 3-si AFK-nyň (Aziýa), 2-si KAF-yň (Afrikanyň), 2-si KONBEBOL-yň (Günorta Amerikanyň) hem-de 1-i KONKAKAF-yň (Demirgazyk Amerikanyň wekili bolup, 1/8 finalda Ýewropanyň ýygyndylarynyň özarasynda 2 duşuşyk geçiriler. 5 ýygyndy bilen wekilçilik eden Afrikanyň 2 ýygyndysy ýaryşy dowam eder. Şeýle waka 2014-nji ýylda-da bolupdy.

Günorta Amerikanyň hem 4 ýygyndysy çempionata gatnaşypdy. Şolaryň 2-si 1/8 finala çykdy.Soňky gezek Braziliýanyň çempion bolan çempionatynda, ýagny 2002-nji ýylda 2 topar bilen dowam eden soňunda kubogy galdyran bu yklymyň wekili bolupdy.

KONKAKAF-yň Demirgazyk Amerikanyň hem 4 wekili gatnaşyp, edil Russiýadaky ýaly olaryň 1 topary 1/8 finala çykdy.UEFA-nyň toparlarynyň 13-si çempionata wekilçilik edipdi.

Häzirki wagtda olaryň 5-si öz ýurtlaryna dolanyp, 8-si dowam edýär.Russiýa 2018-de Ýewropanyň 10 topary 1/8 finala çykypdy. Şol çempionatda olaryň 4-si ýarym finalda hem oýnapdy.

Toparçalardaky oýunlarda hiç bir topara hem 3 duşuşygynda ýeňiş gazanmak başartmady. 4 ýygynda 4 utuk toplasa-da, ýaryşy dowam etdirmek başartmady.

Ýene degişli makalalar

Aziýada DÇ-2026-nyň üçünji saýlama tapgyryna bije çekildi
Messi “Inter Maýami” toparyna ilkinji kubogyny gazandyrdy
Eýran 5-nji gezek Dünýä Kubogynda
3 yklym çempionat
Meksikanyň nobatdaky üstünligi
Sportuň taryhynda şu gün 18-nji sentýabr
Ilkinji çempionlygy