Dünýä Kubogynda iň köp medal gazanan futbolçy

Germaniýaly Miroslaw Kloze Dünýä Kubogynda iň köp medal gazanan futbolçydyr. Ol 2002-nji ýylda kümüş, 2006-njy we 2010-njy ýyllarda bürünç, ahyrynda-da 2014-nji ýylda altyn medala mynasyp boldy.

Italiýaly Wittorio Pozzo Dünýä Kubogyny 2 gezek gazanan ýeke-täk tälimçidir. Ol Italiýanyň ýygyndysyna 1934-nji we 1938-nji ýyllarda yzly-yzyna 2 çempionlyk gazandyrýar.

Dünýä Kubogyny gazanan ilkinji tälimçi, urugwaýly Alberto Suppiçi blup, ol şol bir wagtyň özünde-de çempion bolan iň ýaş tälimçidir (31 ýaş).

Ispaniýaly Wisente Del Boske Dünýä Kubogyny gazanan iň ýaşuly tälimçi bolup, ol matadorlara 2010-njy ýylda ilkinji we häzirlikçe ýeke-täk çempionlygyny gazandyran 59 ýaşyndady.

Ýene degişli makalalar

Britaniýaly dünýäde iň uzak ýaşly erkek kişi diýlip yglan edildi
“Barselonanyň” 29-njy, “Benfikanyň” 26-njy kubogy
Çempion bolan topardan 9 oýunçyny çagyrdy
Az bilinýän futbol wakalary
Sportuň taryhynda bu hepde
Sportuň taryhynda bu hepde