Dünýä Kubogyna 68 gün galdy

Iň köp medally ýygyndy (2)

Çempion hökmünde Argentina 1978-e gatnaşan nemesler 2-nji toparçada çykyş edýär. Polşadyr Tunis bilen 00 deňme-deň oýnan Günbatar Germaniýa aralykda-da Meksikanyň ýygyndysyny 60 ýeňýär. 2-nji tapgyrda “A” toparça düşýär. Ýene bir oýnuny 00 (Italiýa), soňra Niderlandlar bilen 22 deňme-deň oýnaýar. 3-nji duşuşygynda-da Awstriýadan 32 utulyp, ýaryşdan çykýar.

YZLY-YZYNA 3 GEZEK FINALA ÇYKÝARIne mundan soň, Dünýä Kubogynda germaniýaly finallar başlanýar.Yzly-yzyna 3 gezek finala çykan nemesler şolaryň ilkinjisinde, has takygy, Ispaniýa 1982-de 2-nji toparçada çykyş edýär.

Ilkinji oýnunda Alžirden 21 utulan nemesler soňra Rummeniggeniň het-trik eden duşuşygynda Çiliden 41 üstün çykýar. 3-nji duşuşygynda goňşusy Awstriýa bilen duşuşýar.Bir gün öň oýnalan AlžirÇili duşuşygynda afrikalylar 32 ýeňiş gazanyp, utuklarynyň sanyny 4-e çykarýar.

Beýleki bir tarapda-da, Awstriýanyň 4, Germaniýanyň-da 2 utugy bar.Oýnuň 10-njy minutynda germaniýaly Hrubeşiň golundan soň, toparlaryň ikisi-de idili oýun görkezmeýär.Sebäbi bu hasap iki goňşy döwlete indiki tapgyra çykmagy üçin ýeterlikdi.

Netijede, 10 hasabynda ýeňiş gazanan Günbatar Germaniýa bilen Awstriýa ikisi ýaryşy dowam etdirýär.FIFA bolsa, şol oýundan soň, toparçadaky 3-nji duşuşyklary mundan beýläk bir wagtda başlatmak barada karar kabul edýär. 2-nji tapgyrda Germaniýa “A” toparçada Angliýa bilen 00 oýnasa, Barselonada ýer eýesi ispanlary Littbarski we Fişeriň gollary bilen 21 hasabynda utýar. Ýarym finalda-da Fransiýa bilen gabatlaşýar.

Taryhy duşuşygyň esasy we goşmaça wagty deňlikde gutarýar.Goşmaça wagtda fransuzlar 2 gezek öňe saýlansa-da, nemesler her saparda hasaby deňleýär. (33; Littbarski 17, Rummenigge 102, Fişer 108 — Platini 26 p, Tresor 92, Žiress 98).

Netijede, penaltilerde 54 öňe çykan nemesler finalda Italiýanyň garşydaşy bolýar.Santiago Bernabeu stadionyndaky finalda italýanlar 31 (Rossi 57, Tardelli 69, Altobelli 81 — Braýtner 83) hasabynda ýeňiş gazanyp, 3-nji ýola Dünýä Kubogyny eýeleýär.

Nemesler welin, 1966-njy ýyldan soň, 2-nji gezek finalda utulýar.Meksika 1986 Dünýä Kubogyna “E” toparçada Urugwaý bilen 11 deňme-deň oýnap başlan Günbatar Germaniýa Şotlandiýany Föller we Allofsuň gollary bilen 21 ýeňýär.

Soňra Daniýadan 20 utulsa-da, gol aratapwudy bilen Urugwaýdan öňe saýlanyp, toparçada 2-nji ýeri eýeleýär.Ikinji tapgyrda ýa-da 1/8 finalda Marokkony Matteusyň 88-nji minutdaky goly bilen 10 hasabynda utýar. Çärýek finalda ýer eýeleri Meksika bilen duşuşýar.

Oýunda hasap açylmaýar we penaltilerde ýene-de nemesleriň bagty çüwýär (41). Ýarym finalda ýene-de Fransiýa bilen gabatlaşýar we bu gezek penaltilere galmadyk duşuşykda Günbatar Germaniýa Breme we Fölleriň gollary esasynda 20 ýeňiş gazanýar.

Finalda Diego Maradonanyň ýolbaşçylygyndaky Argentina bilen duşuşýar.Günorta amerikalylar Brawn (23) we Waldanonyň (55) gollary bilen 20 öňe saýlanýar. Ýöne Rummenigge (74) we Föller (80) hasaby deňleýär. 83-nji minutda-da Maradonanyň pasyny alan Burruçaga Argentina 2-nji kubogyny gazandyrýar.

Germaniýa bolsa, bu gezegem, yzly-yzyna 2-nji finalyndan eli boş gaýdýar.

3-nji ÇEMPIONLYK1990-njy ýylda Dünýä Kubogy Italiýada geçirilýär. “D” toparçada Ýugoslawiýany 41, BAE-ni 51 ýeňen nemesler Kolumbiýa bilenem deňme-deň oýnaýar (11).Ikinji tapgyrda dartgynly geçen oýunda Niderlandlaryň ýygyndysyndan Klinsmann we Bremeniň gollary bilen 21 üstün çykýar. Çärýek finalda çehleri Matteusyň 25-nji minutdaky penalti goly bilen ýeňen Günbatar Germaniýa ýarym finalda ezeli bäsdeşi Angliýanyň garşydaşy bolýar.

Oýnuň esasy wagty 11 tamamlanýar (Breme 60 — Lineker 80).Penaltilerde-de 43 ýeňiş gazanan Germaniýa bassyr 3-nji gezek finala adyny ýazdyrýar.Finalda 4 ýyl öňki çempionatda kubogy aldyran garşydaşy Argentinany 10 hasabynda utýar. Ýeke-täk pökgini meksikaly emin Edgardo Kodesalyň 85-nji minutda jedelli pursatda bellän penaltisini Breme dürs ýerine ýetirýär we Germaniýa köp garaşdyran 3-nji kubogyny asmana göterýär.

Duşuşykda argentinlerden Pedro Monzon (65, final oýunlarynda gyzyl kartoçka alan ilkinji oýunçy) bilen Gustawo Dezotti gyzyl kartoçka alýar.Bu final oýny Dünýä çempionatlarynyň iň içgysgynç finaly hökmünde taryha girýär.

Bu nemesleriň Günbatar Germaniýa ady bilen gatnaşan soňky çempionaty bolýar.Nobatdaky Dünýä Kubogy 1994-nji ýylda ABŞ-da guralyp, “C” toparçada Boliwiýadyr (10; Klinsmann 61) Ispaniýa (11; Klinsmann 48 — Goýkoeçea 14) hem-de Günorta Koreýa (32; Klinsmann 12, 37, Ridle 20 — Hwan S.H. 52, Hon M.B. 63) bilen duşuşýar.

Ikinji tapgyrda Belgiýany ýyldyzlary Rudi Föller (6, 40) hem-de Ýurgen Klinsmannyň (11) gollary bilen 32 utýar. Çärýek finalda bolsa, Bolgariýa 3 minutda Stoiçkow (75) we Leçkowyň (78) gollary bilen 10 öňde barýan nemesleri ýeňlişe sezewar edýär.

Fransiýa 1998 Dünýä Kubogy hem öňki ýyllara garanyňda, nemeler üçin ir tamamlanýar. “F” toparçada ABŞ-dyr (Andres Möller 10, Klinsmann 67) Eýrany (Birfoff 50, Klinsmann 57) 20 ýeňen nemesler Ýugoslawiýa bilenem 1 utugy paýlaşýar (22; Mihailowiç 72 ö.d., Birhoff 78 — Mýatowiç 13, Stoýkowiç 52).

Ikinji tapgyrda Meksikany hüjümçileri Klinsmann we Birhoffyň gollary bilen 21 ýeňlişe sezewar edýär. Çärýek finalda bolsa, çempionatyň debýutanty Horwatiýadan 30 (Ýarni 45+3, Wlaowiç 80, Şuker 85) hasabynda utulyp, yzly-yzyna 2-nji sapar çärýek finaldan yzyna gaýdýar.2002-nji ýylda Dünýä çempionatyny ilkinji gezek 2 ýurt bilelikde guraýar.

Günorta Koreýa we Ýaponiýada geçirilen 17-nji Dünýä Kubogynda Germaniýa Rudi Fölleriň tälimçiliginde “E” toparçada uly hasaply ýeňiş bilen ýaryşa başlaýar.Olar Miroslaw Kloseniň het-trik eden oýnunda Saud Arabystanyny 80 hasabynda ýeňýär.

Soňra Irlandiýa bilen deňme-deň oýnaýar (11). 3-nji duşuşygynda-da Kamerundan Bode we Kloseniň gollary bilen 20 üstün çykýar.Nemesler mundan soňky tapgyrlary finala çenli diňe 1 golly ýeňişler bilen geçýär.

Ilki Paragwaýy Oliwer Noýwilliň (88), çärýek finalda ABŞ-ny Mihael Ballagyň (39), ýarym finalda-da ýer eýesi Günorta Koreýany ýene-de Ballagyň (75) goly bilen ýeňýär. Ýaponiýadaky finalda Braziliýadan 20 hasabynda asgyn gelýär we 4-nji kümüş medalyny gazanýar.

Brazilleriň gollarynyň ikisini super ýyldyz Ronaldo (67, 79) derwezä girizýär.2006-njy ýylda Dünýä çempionatyny Germaniýa özünde geçirýär.Ikinji gezek bu çäräni özünde guraýan Germaniýa Kosta Rikany 42, Polşany 10 hem-de Ekwadory 30 ýeňlişe sezewar edýär. Ýurgen Klinsmannyň şägirtleri 2-nji tapgyrda-da Şwesiýany Podolskiniň (4, 12) gollary bilen utýar (20). Çärýek finalda ezeli garşydaşlaryndan Argentina bilen gabatlaşýar. 49-njy minutda Roberto Aýalanyň goly bilen myhmanlar öňe saýlanýar. 80-nji minutda Klose hasaby deňleýär.

Esasy we goşmaça wagtlarda hasap üýtgemeýär.Penaltilerde-de 42 üstünlik gazanan Germaniýa ýarym finala çykýar. Ýarym finalda Italiýa bilen duşuşýar.Esasy wagtynda hasap açylman, 119-njy (Grosso) we 120+1-nji (Del Piero) minutlarda italýanlar 2 gol geçirip, finala çykýar.

Baýrakly 3-nji ýer ugrundaky duşuşykda lapykeç nemesler Portugaliýany 31 (Şwanştaýger 56, 78, Petit 60 ö.d. — Nuno Gomeş 88) hasabynda ýeňip, az hem bolsa göwünlik tapýar.2010-njy ýyldaky ilkinji gezek Afrikada, has takygy Günorta Afrika Respublikasynda geçirilen Dünýä çempionaty-da nemesler üçin 4 ýyl ozalky ýaly tamamlanýar. “D” toparçada Awstraliýany 40 utýar.

Serbiýadan 10 utulyp, şol hasap bilenem Ganany ýeňýär.Ikinji tapgyrda ezeli bäsdeşi Angliýany 41 hasabynda ýeňlişe sezewar edýär (Klose 20, Podolski 32, Müller 67, 70).Duşuşykda Lampardyň uzak aralykdan geçiren goly aşaky çyzygy geçse-de hasaba alynmaýar. Ýoahim Löwüň topary çärýek finalda Diego Maradonanyň tälimçiligindäki Messili Argentinanyň torundan jogapsyz 4 pökgi girizýär (Müller 3, Klose 68, 89, Fraýdrih 74). Ýarym finalda welin, Çarles Puýolyň (73) geçiren kelle golundan soň, Ispaniýadan 10 asgyn gelýär Bürünç medal ugrundaky oýunda-da Urugwaýy 32 ýeňip (Müller 19, Ýansen 56, Kedira 82- Kawani 28, Forlan 51), ilkinji gezek yzly-yzyna, umumylykda-da 4-nji sapar 3-nji orny eýeleýär.

ÝATDAN ÇYKMAJAK ÝARYM FINAL WE 4-nji KUBOK2014-nji ýylda 60 ýyldan soň, Dünýä Kubogy 2-nji gezek Braziliýada geçirilýär.Braziliýa 2014-de Germaniýa “G” toparçada Portugaliýa (40), ýene-de Gana (22) hem-de ABŞ (10) bilen duşuşýar.

Ikinji tapgyrda Alžiri goşmaça wagtda ýeňýär (21; Şürrle 92, Özil 120 — Džabu 120+1). Çärýek finalda-da Fransiýany kynlyk bilen utup (10; Hummels 13), ýarym finalda ýer eýeleri Braziliýa bilen duşuşýar.

Belu-Orizontedäki bu duşuşyk taryhy hasap bilen tamamlanýar.Sambaçylaryň torundan 5-si birinji ýarymda jemi 7 pökgi geçiren Germaniýa 8-nji gezek finala çykýar.Finalda-da başga bir güýçli ýygyndyny, Messiniň ýoldaşlary Argentinanyň milli toparyny Mario Gýotseniň 113-nji minutdaky goly bilen 10 hasabynda utup, 4-nji ýola Dünýäniň iň ulusy diýen ady eýeleýär.

ESASY DALAŞGÄR2-nji düzümi bilen geçen ýylky Konfederasiýalr Kubogyny gazanan Germaniýanyň ýygyndysy Dünýä çempionatynyň iň esasy dalaşgäri hasaplanýar. Ýöne esasy zatlaryň biri Löwüň haýsy oýunçylar bilen Russiýa barjakdygy janköýerleri eýýämden gyzyklandyrýar.

Ýene degişli makalalar

Yzly-yzyna 3-nji finaldan soň, 3-nji çempionlyk
Serdar Berdimuhamedow Bakuwda Goşulyşmazlyk Hereketiniň sammitine gatnaşar, Türkmenistanda öý internetiniň tizligi 6 Mbit/s çenli ýokarlandyryldy, Gruziýanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy we beýleki habarlar
Italiýadan soň Braziliýa (Dünýä Kubogy 1962)
Dünýä Kubogynda 20 ýyldan soň täze çempion
Hindistanda ýedi aý dowam eden nika toýy tamamlandy
Klinton hassahanadan goýberildi
Turkowak sanjymynyň 3-nji tapgyr synaglarynda zyýanly täsirler hasaba alynmady