/* custom css */ .td_uid_19_60d5c76fb25f7_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_19_60d5c76fb25f7_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; } Türkmenistandaky iň iri gurluşyk we hojalyk harytlarynyň söwda merkezler toplumy 575555 / 575757 / 575553 “Strategy Analytics” kompaniýanyň bilermenleri dünýä ilatynyň ýarysynyň smartfonly bolandygyny anykladylar.
Bu takmynan 4 milliard adam diýlip hasaba alyndy. “Strategy Analytics”-yň baş müdiri Linda Sui ilkinji häzirkizaman smartfony hasaplanýan “IBM Simon”-yň 1994-nji ýylda ABŞ-da satuwa çykarylandygyny belleýär. Şol ýyl bary-ýogy 30 müň adamyň smartfony bardy, ýagny şeýle möhüm sepgitlere ýetmek üçin 27 ýyl gerek boldy. 1998-nji ýylda “Nokia 9110” we 2000-nji ýylda “Ericsson R380” ýaly beýleki meşhur modeller peýda boldy. 2007-nji ýyldan başlap, “iPhone” smartfonlary meşhurlyk gazanyp başlady. 2008-nji ýyldan bäri bolsa, “Google Android” programmasy bilen üpjün edilen onlarça smartfon modeli peýda boldy. “Strategy Analytics”-iň bilermenleri 2030-njy ýyla çenli 5 milliard adamyň smartfonly boljakdygyny çaklaýarlar.