Dünýä ilaty artýar, çaga dogluşy azalýar

Her ýylyň 11-nji iýuly Bütindünýä ilat güni hökmünde bellenilýär.Bu senede dünýä ilaty barada maglumatlar ýaýradylýar.Maglumatlara görä, dünýä ilaty geçen ýyl 8 milliarddan geçdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň maglumatlaryna görä, dünýä ilaty 1999-njy ýylda 6 milliarda, 2011-nji ýylda 7 milliarda, 2022-nji ýylda 8 milliarda ýetdi.BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) maglumatlaryna görä, häzirki wagtda Ýer ýüzüniň iň köp ilatly ýurdy Hindistan hasaplanýar. Şu ýyl Hytaýdan öňe geçen bu ýurduň 1 milliard 428 million 600 müň töweregi ilaty bar.

Hytaýyň 1 milliard 425 million 700 müň, üçünji orundaky ABŞ-nyň 340 million ilaty bar.Dünýäde erkekleriň ortaça ýaşy 71, aýallaryňky 76.Ilat gaznasynyň maglumatlaryna görä, ilat esasan 8 ýurtda has köp artar.

Bu ýurtlar – Demokratik Kongo Respublikasy, Müsür, Efiopiýa, Hindistan, Nigeriýa, Pakistan, Filippinler we Tanzaniýa.Bu ýurtlar 2050-nji ýyla çenli dünýädäki ilat artyşynyň ýarysyny emele getirer.

Geçen ýylky maglumatlara görä, Ýer ýüzüniň ilaty 2030-njy ýyla çenli 8,5 milliard, 2050-nji ýylda 9,7 milliard, 2100-nji ýylda 10,4 milliard bolar.

Ilat artýar, artyş haýallaýar

Dünýäde ilat artýan hem bolsa, artyş tizliginiň ýuwaşaýandygy mälim edildi. Maglumatlarda adam ömrüniň uzamagy bilen ilat artyşynyň dowam edýändigi, şeýle-de bolsa, çaga dogrumynyň pese gaçmagy bilen artyş tizliginiň peselýändigi mälim edildi. Halkara migrasiýa dünýäniň käbir ýerinde demografik üýtgeşmä we ilatyň sebitlere görä ýerleşmeginde esasy sebäp bolmagyna galýar.

Dünýäniň käbir ýurdunda ilat azalýar.Birnäçe ýyllap dünýäniň iň köp ilatly ýurdy bolan Hytaýyň gury ýer böleginiň 2021-nji ýylda 1 milliard 412 million 600 müň ýaşaýjysy bolan bolsa, geçen ýyl bu görkeziji 1 milliard 411 million 800 müňe düşüpdir. Şeýlelikde 2022-nji ýylda Hytaýda iň az çaga doglan ýyl bolupdyr. Şu ýyldan başlap ýurduň ilatynyň azalmagynyň dowam edip, 2050-nji ýylda 1 milliard 317 milliona düşjekdigi mälim edildi.

Asyryň ahyrynda bolsa, ýurduň ilatynyň 766 milliona çenli azaljakdygy çaklanylýar.

Ilaty azalýan ýurtlaryň biri hem Ýaponiýa. 2020-nji ýylda 126,1 million ilaty bolan ýurt 2056-njy ýylda 100 milliondan az ilatly döwletleriň hataryna goşular.

Bolgariýanyň Milli statistika institutynyň maglumatlaryna görä, ýurduň ilaty soňky ýyllarda 11 göterim azalypdyr. 2007-nji ýyldan soňra 2,5 million töweregi ýaşaýjy beýleki Ýewropa ýurtlaryna göçüpdir. Ýurtda çaga dogluşy hem azalýar.

Serbiýanyň Statistika edarasynyň geçen ýylyň oktýabr aýynda geçiren ilat ýazuwyna görä, ilat 2011-nji ýyldan bäri 6,9 göterim azalyp, 6 million 690 müň 887 bolupdyr.

Ýene degişli makalalar

Hindistan Dünýäniň Iň Köp Ilatly Ýurdy Bolar
Dünýäniň ilaty 8 milliard adamdan geçdi
Afrika Şahynda Howanyň Üýtgemegi Agyr Neticeleri Ýüze Çykarýar
Türkmenistanyň wekiliýeti Türkiýäniň ilat statistikasy tejribesini öwrenýär
Afrikanyň ilaty artýar
Keniýada Ýeriň Süýşmegi Sebäpli 5 Adam Ýitdi