Dünýä habarlary gysga setirlerde

Angela Merkeliň karary. Şu ýylyň sentýabrynda Germaniýada umumyfederal Parlament saýlawlary geçiriler. Ýurduň häzirki Kansleri Angela Merkel bu saýlawlarda öz dalaşgärligini hödürlemejekdigini mälim etdi. Bu ýagdaý syýasatçynyň ýurduň federal hökümetindäki 16 ýyllyk başlyklyk döwrüniň gutarjakdygyny aňladýar. Häzir Bundestagdaky Hristian demokratik bileleşigi fraksiýasynyň üç dalaşgäri Merkeliň dowam etdirijileri hökmünde orta atylýar.

Gaýtadan saýlandy.Demokrat Nensi Pelosi ABŞ-nyň Kongresiniň 117-nji çagyryşynyň Wekiller palatasynyň başlygy wezipesine saýlandy.Demokratik partiýanyň 80 ýaşly wekili kongres agzalarynyň köpüsiniň goldawyny aldy.

Ol 55 ýaşly respublikaçy Kewin Makkartiden öňe saýlandy.Pelosi dördünji gezek aşaky palatanyň başlygy wezipesine saýlandy.Ol bu wezipäni Kongresiň 116-njy çagyryşynda, şeýle-de 2007-nji ýylyň ýanwaryndan 2011-nji ýylyň ýanwaryna çenli (110-njy we 111-nji çagyryş) ýerine ýetirdi.

Býujeti kabul edildi.BMG-niň Baş Assambleýasynyň maslahatynda 2021-nji ýylyň býujeti kabul edildi.Jemi býujetiň 3,21 milliard dollara deňdigi mälim edildi. 168 ýurt guramanyň esasy maliýe resminamasyny makullady.

Tassyklanan býujet, soňky 50 ýylda mukdary boýunça ikinji orunda bolup, BMG-niň gapylarynyň açyk bolmagyna, onuň işgärlerine bolsa, dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlarda öz işlerini dowam etdirmäge mümkinçilik berer diýlip, BMG-niň metbugat gullugy mälim edýär.

Ilkinji üçlüge girdi.Ispaniýa adam ömrüniň ortaça hasaby boýunça Ýewropa Bileleşiginde birinji ýerde durýar.Ol, takmynan, 83,3 ýyla deň.Ispaniýanyň Saglygy goraýyş ministrligi, erkekler üçin bu görkezijiniň 80,4 ýaşa, zenanlar üçin bolsa 86,1 ýaşa deň boljakdygyny çaklady.

Dünýä derejesinde Ispaniýa bu görkeziji boýunça Ýaponiýadan (84,2 ýyl) we Şweýsariýadan (83,8 ýyl) soň üçünji orny eýeleýär.Görkeziji sebite baglylykda üýtgeýär.Mysal üçin, Seuta we Melilýada 81 ýaş bolsa, Madridde 85,4 ýaşa deňdir.

Abraýly baýraga eýe boldy.Budapeştiň Ferens List adyndaky Halkara howa menziline IPRA Golden World Awards baýragy berildi.Bu baýrak Halkara jemgyýetçilik gatnaşyklary birleşigi (IPRA) tarapyndan 1990-njy ýyldan bäri berilýär.

Onuň maksady aragatnaşyk pudagynyň abraýyny ýokarlandyrmakdan ybarat. 1984-nji ýyldan bäri bu birleşik BMG bilen hyzmatdaşlyk edýär.Ferens List adyndaky howa menzili dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlarda Iň oňat iş dolandyryş ugry boýunça ýeňiji diýlip yglan edildi.

2023-nji ýyla süýşürildi.Pariž Le-Burže awiasiýa sergisi 2021-nji ýylyň 21-27-nji iýunynda geçirilmelidi. Ýöne dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli çäräni gurnaýjylar ony 2023-nji ýylyň iýun aýyna çenli yza süýşürmek kararyna geldiler.

Takyk seneler soňra yglan ediler.Guramaçylar çäräni yza süýşürmek kararyny biragyzdan kabul edip, önümlerini 2021-nji ýylda hödürlemegi meýilleşdirýän guramalaryň goşantlaryny yzyna gaýtarjakdygyny mälim etdiler.Bu sergi 1909-njy ýyldan bäri geçirilýär.

Iň çuň howuz.Warşawanyň Mşonuw şäherinde dünýäniň iň çuň howzy Deepspot açyldy.Howuzyň çuňlugy 45,4 metr, içindäki suwuň mukdary 85 müň kub metrden gowrak.

Bu Olimpiýa basseýniniň 27-si bilen deňdir.Bu ýere gelýänler daýwing bilen meşgul bolup, dürli suwasty gezelençleri gurap bilýärler.Bu ýerde Maýýa harabaçylygyny ýada salýan howuzyň çuň ötükleriniň içinden ýüzüp geçip, gark bolan gämini tapyp bolýar.

Deepspot merkezi diňe bir ussat guwwaslar üçin däl, eýsem, täze başlanlar üçin hem oňaýlydyr.

Täze mineral tapyldy.Britan alymlary kernowit atly täze mineraly tapdylar. 220 ýyl mundan ozal gazylyp alnan zümerret reňkli kernowitiň üstünde geçirilen uzak barlaglardan soň, hünärmenler onuň özboluşly mineraldygyna göz ýetirdiler.

Bu açyş Halkara mineralogiýa birleşigi tarapyndan tassyklandy.Bu mineral 1790-njy ýyldan 1909-njy ýyla çenli işlän Wil-Gorland käninden gazylyp alyndy.Indi bu ýeri öwrenmek mümkin däl, sebäbi magdan ýapylansoň, onuň üstünden ýaşaýyş jaýlary guruldy.

The post Dünýä habarlary gysga setirlerde appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Şols öňki kanslerden maslahat soraýandygyny gürrüň berdi
Armin Laşete ynam bildirdi
Sosial-demokratlar partiýasy Bundestaga saýlawlarda üstün çykdy
Putiniň "ýalaňaç agşamlygy". Çeçen urşy döwründe ýalaňaçlaryň tansy
Merkel ýatlamalar kitabyny neşir etdirmekçi
Dünýä ýurtlarynyň prezidentleri günde näçe sagat ýatyp ukusyny alýarlar