Dünýä habarlary gysga setirlerde

Titanik gämisine gezelenç guralar.Amerikan kompaniýasy OceanGate Expeditions Atlantik ummanynyň düýbünde ýatan Titanik gämisine syýahat ekspedisiýalaryny guramagy meýilleşdirýär.Syýahatçylar bäş adam üçin hususy suwasty gämini ulanyp, üç müň metrden gowrak çuňluga çümerler.

Gezelençlere indiki ýyl başlamak meýilleşdirilýär.Syýahatyň bahasy ýüz müň dollardan gowrak bolar.Iňlis gämisi 1912-nji ýylda ilkinji syýahatynda gark bolupdy.Titanik ulanylmaga berlende dünýäniň iň uly gämisidi.

Altyn teňňe auksionda satyldy.Gadymy Rim serkerdesi Ýuliý Sezary hatyralamak üçin ýasalan altyn teňňe, Beýik Britaniýada 2,7 million ýewro (3,5 million dollar) bahadan auksionda satyldy.

Bu barada söwdanyň guramaçysy, numizmatik kompaniýa Roma Numismatics habar berdi.Bu şaýy pul Sezar aradan çykandan iki ýyl soň, miladydan öň, 42-nji ýylda zikgelenipdir. Şaýy pul XIX asyrda şweýsariýaly arheolog Gustaw Karl Ferdinand fon Bonştetteniň kolleksiýasynda saklanyp galypdyr. Ýuliý Sezar miladydan öňki 44-nji ýylyň 15-nji martynda aradan çykýar.

Şowly söwda.Fransiýanyň paýtagtynyň häkimligi bahasy 500 müň ýewro deň bolan altyn hazyna saklanyp galan jaýy satyn aldy.Iki gatly bu jaý telekeçiler maşgalasyna degişli eken.

Jaýyň kanuny eýesi aradan çykandan soň mirasdar gozgalmaýan emlägi şäher häkimligine 130 müň ýewro satýar.Häkimligiň işgärleri jaýy gözden geçirenlerinde, ikinji gatdaky şkafdan bäş sany guýma altyn we altyn şaýylyklary tapýarlar.

Hazynanyň umumy bahasy 500 müň ýewrodan gowrak.Indi bu tapylan hazynalar şäher häkimligine degişli bolar.

Rubik kublaryndan mozaika.Meşhur tapmaçanyň iň uly mozaikasyny döretmek üçin italýan suratkeşi Jowanni Kontardä 16 sagat we 6000 Rubik kublary gerek boldy.Onuň uzynlygy 5,5 metr, ini 3,5 metr boldy.

Onda gadymy grek pälwany şekillendirilip, elinde ullakan Rubigiň kubyny saklap dur.Jowannä mozaikany ýasamak üçin 15 sagat 49 minut 32 sekunt gerek boldy.Bu işde ünsi jemlemek gaty kyn boldy.

Häzir aýaklarymyň agyrýandygyny duýýaryn, ýöne gurup bilendigime begenýärin diýip, suratkeş Jowanni Kontardi aýtdy.

Mars seýilgähi gurlar.Türkiýäniň Kuşadasy şypahanasynda Mars planetasynyň üstüne meňzeş şertler döredilen täsin seýilgähi döretmek meýilleşdirilýär.Döredijiler bu seýilgähiň Gyzyl planetanyň üstünde gezelenç etmäge we Marsyň geljekki eýeleriniň gündelik durmuşyna aralaşmaga mümkinçilik berjekdigini öňe sürýärler.

Seýilgähde ýaşaýyş jaýlary, birnäçe ýyladyşhana we marsohoduň simulýatory, şeýle hem jahankeşdeler üçin kosmos tagamnamasy bolar.Taslamanyň bahasy iki milliondan alty million ýewro barabar hasaplanýar.

The post Dünýä habarlary gysga setirlerde appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Gurban baýramynyň öňüsyrasynda 12 sany jaý ulanmaga berildi, Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda täze opera spektaklynyň ilkinji görkezilişi boldy, Futzal boýunça Aziýanyň Kubogy-2024-iň saýlama tapgyrynda Türkmenistanyň garşydaşlary
Titanigiň ýolagçylaryny halas eden gäminiň kapitanynyň sagady 2 million dollara satyldy
Aşgabatda Ýaşlyk ýyllarymyzyň aýdymlary ýaňlanar
Türkmen wekiliýeti Parahatçylyk üçin Aziýanyň Parlamentara Assambleýasynyň mejlisine gatnaşýar
“Terminatory” dowam etdirmäge hyýallanýar
Saturnyň iň uly hemrasynda buludyň bardygy anyklandy