Wise-prezidentlige dalaşgär boldy.Senator Kamala Harris ABŞ-nyň wise-prezidenti wezipesine demokratlar tarapyndan hödürlenen dalaşgär boldy.Bu prezidentlige dalaşgär Jo Baýdeniň kararydyr.Baýdeniň bu kararyna garaşylýardy we möhümdi.
Kamala Harris kaliforniýaly senator, amerikan Parlamentiniň ýokarky palatasyndaky ýeke-täk garaýagyz zenandyr.Geçmişde ol baş prokuror bolup işläp, bu wezipede tutanýerliligi bilen özüni tanatdy.Ozal habar berlişi ýaly, ABŞ-da Prezident saýlawlary 3-nji noýabrda geçiriler.
Prezident saýlawlary geçiriler.Täjigistanyň Mejlisi ýurduň Prezident saýlawlaryny 2020-nji ýylyň 11-nji oktýabryna belledi.Bu barada Habar beriş serişdeleri we jemgyýetçilik guramalary bilen gatnaşyklar boýunça Mejlisiň ýokarky palatasynyň başlygynyň kömekçisi Nawruz Kurbonzoda mälim etdi.
Mundan beýläk syýasy partiýalaryň döwlet baştutany wezipesine dalaşgärlerini hödürläp başlajakdygy habar berilýär.Täjigistanda öňki Prezident saýlawlary 2013-nji ýylyň 6-njy noýabrynda geçirilipdi.
Sukerberg ilkinji üçlüge girdi.Facebook-yň esaslandyryjysy Mark Sukerbergiň baýlygy ilkinji gezek 100 milliard dollara ýetdi.Bloomberg-iň habaryna görä, bu TikTok-yň meňzeşi bolan Reels hyzmatynyň işe başlamagy bilen baglanyşykly. Şeýlelikde, 36 ýaşly Sukerberg dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda ilkinji üçlüge girdi.
Häzir Sukerbergden diňe Amazon-yň lideri Jeff Bezos (190 milliard dollar) we Microsoft-yň esaslandyryjysy Bill Geýts (120 milliard dollar) öňde barýar.
Tim Kuk milliarder boldy.Amerikan kompaniýasy Apple-niň başlygy Tim Kukuň baýlygy bir milliard dollardan geçdi.Bu ýagdaý Apple-niň paýnamalarynyň bahasynyň Nýu-Ýorkuň birža gaznasynda takmynan, 5% ýokarlanmagy bilen düşündirilýär.
Onuň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň paýnamalarynyň umumy bahasy iki trillion dollardan geçdi.Bloomberg-iň habaryna görä, Tim Kuk korporasiýanyň 0,02% paýyna eýelik edýär. Şeýlelikde, Tim Kuk dünýäniň iň baý 500 adamynyň sanawyna girdi.
Demirgazyk akymy 2 tamamlanar.Taslama ýakyn wagtda durmuşa geçiriler.Bu barada Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Germaniýanyň Daşary işler ministri Haýko Maas bilen Moskwada geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdy.
Taraplar Demirgazyk akymy 2 gaz geçirijisiniň gurluşygynyň tamamlanmagy barada pikir alyşdylar.Demirgazyk akymy 2 taslamasy Russiýanyň kenarlaryndan Baltika deňzi arkaly Germaniýa çenli ýylda 55 milliard kub metr kuwwatlylygy bolan gaz geçirijisiniň gurluşygydyr.
Abaý güni yglan edildi.Gazagystanda täze baýramçylyk Abaý güni yglan edildi.Bu karar hökümetde kabul edilip, güýje girenden soň, 10-njy awgustda bellenilip geçildi. 2020-nji ýylda Gazagystanda meşhur şahyryň 175 ýyllygy bellenilýär.
Halkara Türk Medeniýet Guramasy (TÜRKSOY) geçen ýylyň dekabrynda 2020-nji ýyly Abaý Kunanbaýew ýyly diýip yglan etmek kararyna gelipdi.Filosof, şahyr we magaryfçy Abaý Kunanbaýew 1845-nji ýylyň 10-njy awgustynda dünýä indi.
Gadymy ýadygärlik tapyldy.Arheologlaryň bir topary meşhur Stounhenje golaý ýerden gadymy ýerasty desganyň üstünden bardylar.Gadymy ýadygärlik Beýik Britaniýanyň Wiltşir etrabyndaky Stounhenjden üç kilometr uzaklykdan tapyldy.
Tapyndy ýigrimiden gowrak şahtadan ybarat.Bu şahtalar daş asyrynda gurlan Darrington-Wolls şäherçesiniň golaýynda ýerleşýär.Arheologlar bu desgalaryň takmynan, 4500 ýyl ozal gazylandygyny çaklaýarlar.Alymlar Stounhenjiň neolit eýýamynda gurlandygyny öňe sürýärler.
Çölde tokaý peýda bolar.Pakistan ýakynda çölleri ýaşyllaşdyrmagyň başyny başlady.Howanyň üýtgemegi boýunça hökümet geňeşçisi Malik Amin Aslam, Balloki tebigat goraghanasynyň bir ýyl mundan ozalky we häzirki görnüşi barada wideo ýazgy görkezdi.
Oturdylan ýaş nahallar 10 milliard agaçdan tolkun maksatnamasynyň netijesidir.Bu ýurduň taryhynda hökümet tarapyndan başy başlanan we maliýeleşdirilýän iň uly nahal ekmek taslamasydyr. Ýurtda 5 ýylda 10 milliard agaç nahalyny oturtmak meýilleşdirilýär.