Dünýä habarlary gysga setirlerde

/* custom css */ .td_uid_19_60d51eb45139c_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_19_60d51eb45139c_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; } Türkmenistandaky iň iri gurluşyk we hojalyk harytlarynyň söwda merkezler toplumy 575555 / 575757 / 575553 Sesleriň köpüsine eýe boldy.

Ermenistanyň Premýer-ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Nikol Paşinýan özüniň Raýat şertnamasy partiýasynyň täze saýlanan Parlamentde konstitusiýa köplügini alyp, hökümet gurjakdygyny aýtdy. 20-nji iýunda geçirilen nobatdan daşary Parlament saýlawlarynda Raýat şertnamasy partiýasy 53,92% ses alyp, öňdeligi eýeledi.

Ermenistan bileleşigi 21,04% ses aldy.Saýlawlara gatnaşyk 49,41% bolup, bu syýasy çärä 25 partiýa we bileleşik gatnaşdy.Iň baý adam.Fransuz telekeçisi Bernar Arno bir aýyň içinde ikinji gezek dünýäniň iň baý adamy boldy.

Ol ýene-de amerikan Amazon-yny esaslandyryjy Jeff Bezosdan öňe geçdi.Bu barada Forbes žurnaly habar berdi.Telekeçiniň baýlygy 200 milliard dollardan geçýär.Arno soňky iki aýda 50 milliard dollar gazanmak başartdy. Ýanwar aýynda onuň kompaniýalar topary meşhur Tiffany zergärlik kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy.

Amerikan kompaniýasy üç milliard dollara satyn alyndy.Zenan ýolbaşçylyk eder.Italiýaly kosmonawt zenan Samanta Kristoforetti Ýewropadan Halkara kosmos stansiýasyna ugradyljak hem-de bu ekipaža ýolbaşçylyk etjek ilkinji zenan bolar.

Kristoforetti bilen birlikde ABŞ-nyň aeronawtika we kosmos barlaglary boýunça Milli müdirliginiň kosmonawtlary Kell Lindgren we Bob Haýns Halkara kosmos stansiýasyna giderler.SpaceX kompaniýasynyň uçarmanly kosmos gämisi Crew Dragon 2022-nji ýylda Floridadaky Kanaweral kosmodromyndan uçurylar.

Botswanadan tapylan göwher.Botswananyň paýtagty Gaboronede Debswana göwher kompaniýasynyň wekilleri Prezident Mokgwitsi Masisä we Ministrler Kabinetiniň agzalaryna 1098 karat (219 gram) agramly göwher sowgat berdi. 1-nji iýunda ýurduň günortasyndaky Jwaneng käninden tapylan bu daş Botswananyň hökümeti bilen dünýäniň göwher ägirdi De Beers-iň bilelikdäki esaslandyran kärhanasynyň taryhynda iň uly gymmatlykdyr.

Tapylan göwher iň uly bäş daşyň biri hasaplanýar.

Ýene degişli makalalar

Dünýäde ululygy boýunça taryhda üçünji almaz tapyldy
Täze göwher tapyldy: dünýäde üçünji ýerde
Botswanada 1080 karat agramly ak göwher tapyldy
Ýyldyz oýunçy Ýewropa bilen hoşlaşdy
Togo we Gabon Milletler arkalaşygynyň agzalary boldy
BMG-de Howpsuzlyk Geňeşiniň täze hemişelik däl bäş agzasy saýlandy